Türkmen-hytaý işewürlik forumynda 12 sany hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekildi
Amul Info ·

Şanhaýda geçirilen Türkmen-hytaý işewürlik forumynyň çäklerinde iki ýurduň wekilleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny öz içine alýan 12 sany Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Forumda Hytaýyň 300-e golaý kompaniýasyndan 350-den gowrak wekil we Türkmenistanyň 120-den gowrak…
2026-njy ýylyň 6–7-nji noýabrynda Hytaýyň Şanhaý şäherinde geçirilen türkmen-hytaý işewürlik forumy iki ýurduň telekeçileriniň arasynda ykdysady we söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin möhüm meýdança boldy.
Halkara çärä Hytaýyň 300-e golaý kompaniýasyna we guramasyna wekilçilik edýän 350-den gowrak wekili, şeýle hem Türkmenistanyň 120-den gowrak wekili gatnaşdy. Forumyň dowamynda taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Çäräniň maksatnamasynyň çäklerinde işewürler üçin B2B we B2G görnüşindäki duşuşyklar geçirildi. Netijede, jemi 68 sany B2B we 27 sany B2G duşuşygy guraldy. Şeýle hem iki ýurduň wekilleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny öz içine alýan Özara düşünişmek hakynda 12 sany Ähtnama gol çekildi.
Forum türkmen we hytaý telekeçileriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak, maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin täze mümkinçilikleri açdy.
Şanhaýda geçirilen işewürlik forumy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan «TMT Consulting Group» kompaniýasynyň goldawy bilen guraldy. Çäräniň netijeleri iki ýurduň işewür toparlarynyň ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini görkezdi.