Oguz han adyndaky uniwersitet emeli aň boýunça halkara konferensiýa geçirer

Amul Info ·

Oguz han adyndaky uniwersitet emeli aň boýunça halkara konferensiýa geçirer

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 28-nji oktýabrda emeli aň boýunça halkara ylmy-amaly maslahaty onlaýn görnüşde geçirer. «Emeli aňyň milli tehnologiýalary: sanly ykdysadyýet, akylly diwersifikasiýa we durnukly ösüş» atly konferensiýa alymlary, mugallymlary, talyplary we degişli…

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti alymlary, mugallymlary, talyplary we degişli ugurdaky hünärmenleri emeli aň boýunça halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga çagyrýar.

Halkara maslahat 28-nji oktýabrda sanly görnüşde geçiriler. Çäräniň esasy temasy «Emeli aňyň milli tehnologiýalary: sanly ykdysadyýet, akylly diwersifikasiýa we durnukly ösüş» diýlip kesgitlenildi.

Onlaýn görnüşde geçiriljek maslahat önümçilige akylly tehnologiýalary ornaşdyrmak, tejribe alyşmak, şeýle hem ýaş gözlegçileriň geljegi uly ylmy işlerini we täze işläp taýýarlamalaryny goldamak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin halkara ylmy meýdança bolar.

Maslahata nähili gatnaşmaly?

Maslahata gatnaşmak isleýänler ylmy makalalaryny ýa-da tezislerini bellenilen talaplara laýyklykda taýýarlap, etut.conference@gmail.com elektron poçta salgysyna ibermeli.

Talaplara laýyklykda resmileşdirilmedik ýa-da bellenilen möhletden soň iberilen ylmy işler garamak we çap etmek üçin kabul edilmez.

Materiallary kabul etmegiň soňky möhleti — 10-njy oktýabr.

Maslahata gatnaşmak hünärmenlere öz ylmy pikirlerini halkara ylmy jemgyýetçiligine hödürlemäge, şeýle hem emeli aň ulgamyndaky täze ugurlar we döwrebap tehnologiýalar bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.

Habarlaşmak üçin:

Salgysy: Aşgabat şäheri, Taslama köçesi, 100, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Telefon: +993 63 828068 E-mail: etut.conference@gmail.com

Источник: Amul Info