Awazada Russiýanyň döwlet akademiki halk hory çykyş eder

Amul Info · · turkmenbasy, balkan

Awazada Russiýanyň döwlet akademiki halk hory çykyş eder

8-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda dabaraly konsert geçiriler. Çärä Russiýanyň meşhur M.E. Pýatniskiý adyndaky Döwlet akademiki rus halk hory hem gatnaşyp, öz çykyşyny hödürlär.

8-nji oktýabrda Hazar deňziniň türkmen kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletleriň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda dabaraly konsert geçiriler.

Bu barada Russiýanyň konsert çärelerini guraýan döwlet edarasy «Roskonsert» habar berdi.

Dabaraly konsert GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi bilen ugurdaşlykda geçiriler. Çärä Russiýanyň meşhur M.E. Pýatniskiý adyndaky Döwlet akademiki rus halk hory hem gatnaşyp, öz çykyşyny hödürlär.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek medeni çäre GDA ýurtlarynyň sungat wekilleriniň döredijilik duşuşygyny we halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen möhüm çäreleriň biri bolar.

Ýeri gelende bellesek, oktýabr aýynda Türkmenistanda Türkiýäniň meşhur estrada aýdymçysy Murat Bozyň hem konsert bilen çykyş etmegine garaşylýar.

Источник: Amul Info