Türkmenistanyň Adalat ministriniň 2026-njy ýylyň 6-njy maýynda çykaran 22-iş belgili buýrugy

TÜRKMENISTANYŇ ADALAT MINISTRLIGI ·

Türkmenistanyň Adalat ministriniň 2026-njy ýylyň 6-njy maýynda çykaran 22-iş belgili BUÝRUGY «Türkmenistanyň Adalat ministriniň 2023-nji ýylyň 27-nji iýulynda çykaran 42-iş belgili buýrugy bilen tassyklanan, Notarial hereketlerini amala aşyrmagyň tertibi hakynda düzgünnama üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Raýat kodeksine, “Notariat we notarial işi hakynda”, “Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakynda”, “Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda”, “Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň kanunlaryna hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň 2022-nji ýylyň 05-nji iýulynda çykaran 158-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň adalat edaralarynyň ulgamyny ösdürmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna laýyklykda, buýurýaryn: 1. Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2023-nji ýylyň 9-njy awgustynda 1726 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, Türkmenistanyň Adalat ministriniň 2023-nji ýylyň 27-nji iýulynda çykaran 42-iş belgili buýrugy bilen tassyklanan, Notarial hereketlerini amala aşyrmagyň tertibi hakynda düzgünnamada: 1) birinji böleginde “hakynda Düzgünnama”, “mundan beýläk-notarius” diýen sözleri degişlilikde “hakynda düzgünnama”, “mundan beýläk-bilelikde ulanylanda notariuslar” diýen sözler bilen çalşyrmaly; 2) bäşinji böleginde: a) birinji tesiminde “döwlet ähmiýetli şäherde bolsa,” diýen sözlerden soň “döwlet notariusy” diýen sözleri goşmaly; b) ikinji tesiminde “Döwlet notariusy, hususy notarius”, “(saglyk ýagdaýy ýa-da beýleki sebäpler boýunça)”, “döwlet notariusynyň, hususy notariusyň”, “döwlet notariusy, hususy notarius” diýen sözleri degişlilikde “Notariuslar”, “(saglyk ýagdaýy, iş sapary ýa-da beýleki sebäpler boýunça)”, “notariusyň”, “notariuslar” diýen sözler bilen çalşyrmaly; ç) üçünji tesiminiň ikinji sözleminden soň şu mazmunly sözlemi goşmaly: “Hususy notariuslar borçlaryny ýerine ýetirip bilmedik halatynda (saglyk ýagdaýy, iş sapary ýa-da beýleki sebäpler boýunça) notarial iş önümçiligini alyp barmagyň dowamynda ýöredilýän miraslyk işlerini bellige alyş kitabyny, miraslyk işlerini bellige alyş elipbiý kitabyny we zerurlyk ýüze çykan halatynda beýleki kitaplaryny, (notarial arhiwini) şeýle hem açylan miras işlerini tabşyrmak-kabul edip almak hakynda delilnama esasynda, şol çäkde ýerleşýän döwlet notarial edarasyna ýa-da hususy notariusa tabşyrmalydyrlar.”; d) dördünji tesimini şu görnüşde beýan etmeli: “Döwlet notariusy üstüne ýüklenen etrap (şäher) döwlet notarial edarasyna gidip notarial hereketi amala aşyran ýagdaýynda, öz möhürini we möhürçelerini ulanýar, şunda amala aşyrylýan notarial hereketi şol döwlet notarial edarasynyň Notarial hereketlerini bellige almagyň sanawynda (mundan beýläk - bellige almagyň Sanawy), şol sanda notariatyň bir bitewi maglumat ulgamynyň elektron sanawynda (mundan beýläk - bitewi maglumat Sanawy) bellige alnyp, şol bellige almagyň we bitewi maglumat Sanawlaryna berlen özbaşdak indeksi we notarial hereketleriniň tertip belgisi dowam edilmelidir we resminamalar şol döwlet notarial edarasynyň arhiwinde galdyrylmalydyr. Şu kada hususy notariuslara hem degişlidir.”; 3) sekizinji böleginiň ikinji tesiminden soň gelýän “2. Hususy notariuslar şu notarial hereketleri amala aşyrýarlar:” diýen ýazgyda “2.” diýen sany aýyrmaly; 4) on üçünji böleginde: a) bäşinji we altynjy tesimlerinde “Sanawda” diýen sözi degişlilikde “bellige almagyň Sanawynda” diýen sözler bilen çalşyrmaly; b) ýedinji tesimini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli; 5) onunjy böleginiň sekizinji bendinde “hususy kärhana” diýen sözleri “ýekebara kärhana (hususy kärhana)” diýen sözler bilen çalşyrmaly; 6) on dördünji böleginiň üçünji tesiminde “Notarial hereketlerini bellige almagyň sanawynda (mundan beýläk - Sanaw)” diýen sözleri “bellige almagyň Sanawynda” diýen sözler bilen çalşyrmaly; 7) on bäşinji böleginiň dördünji tesiminde “Notariuslar” diýen sözi “Notariuslaryň” diýen söz bilen çalşyrmaly; 8) on dokuzynjy böleginiň birinji tesimini şu görnüşde beýan etmeli: “19. Geleşikler tassyklanylanda, geleşiklere gatnaşýan fiziki şahslaryň kämillik ukyby anyklanylýar we ýuridik şahslaryň hukuk ukyby barlanylýar. Fiziki şahslaryň kämillik ukyby anyklanylanda, onuň psihiki bozulmadan ejir çekýänligi sebäpli öz hereketleriniň manysyna düşünip bilmeýän ýa-da olara erk edip bilmeýän şahs bolup durmagy mümkin diýen şübhe dörän ýa-da şahsyň spirtli içgileri ýa-da neşe serişdelerini kast bilen içmegi-çekmegi sebäpli öz maşgalasyny maddy taýdan agyr ýagdaýa salýan fiziki şahs bolup durmagy mümkin diýen şübhe dörän halatynda, bu şübhe döredýän ýagdaýlary aradan aýrylmagy üçin degişli saglygy goraýyş edarasyndan degişli resminama (şol ýagdaýlar bilen bagly, degişli saglygy goraýyş edarasynda hasapda durýandygy ýa-da durmaýandygy barada ýa-da saglygyny tassyklaýan beýleki resminama) soralyp alnyp bilner. Şeýle hem, hossarlyk we howandarlyk edarasyndan şol şahs babatda hossar ýa-da howandar bellenilendigi ýa-da bellenilmändigi we kazyýetden kämillik ukyby ýok ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilendigi ýa-da edilmändigi barada anyklap biler. Ýokardaky halatlary tassyklaýan resminamalar bolmadyk halatynda (degişli saglygy goraýyş edarasynda hasapda durýandygy ýa-da durmaýandygy barada ýa-da saglygyny tassyklaýan beýleki resminamanyň bardygyna ýa-da ýokdugyna garamazdan), emma şol bir wagtda şahsyň kämillik ukyby babatda şübhe döreýän bolsa, şu Düzgünnamanyň kyrk ikinji böleginiň ikinji tesiminde görkezilen kadalar ulanylyp bilner. Geleşikler wekil tarapyndan amala aşyrylan halatynda wekiliň (kanuny wekiliň) ygtyýarlyklary notariuslar tarapyndan barlanýar we bu barada tassyklaýjy ýazgyda bellik edilýär.”; 9) ýigriminji bölegine şu mazmunly altynjy tesimi goşmaly: “Notarial hereketleriniň amala aşyrylmagy bilen bagly şahslaryň razylyklary hakyndaky we notarial hereketleri bilen bagly beýleki arzalardaky gollaryň hakykylygyna notariuslar tarapyndan şaýatlyk edilmelidir. Eger-de, bir notarial hereketiň çäginde notarial hereketini amala aşyrýan degişli şahslaryň razylyklary hakyndaky we notarial hereketleri bilen bagly beýleki arzalary şol notarial hereketiniň amala aşyrylýan wagty notariuslara hut özleri berse, miraslyk işi bilen bagly arzalarda şol wagtda däl-de, başga dürli wagtlarda gelseler hem şahslaryň gollarynyň hakykylygyna şaýatlyk etmek talap edilmeýär. Şu halatlarda notariuslar olaryň şahsyýetini anyklap, olaryň gollarynyň hakykylygyny we ygtyýarlygyny barlap, bu barada arzada bellik edýärler hem-de olaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamasynyň maglumatlaryny arzada görkezýärler. Şu halatlarda gollaryň hakykylygynyň barlanandygy üçin döwlet pajy ýa-da töleg alynmaýar. Razylyk hakyndaky arza aýratyn beýan edilýär we notarial işine goşulýar.”; 10) ýigrimi ikinji böleginde: a) ikinji tesiminde “sowatsyz ýa-da kör bolsa,” diýen sözleri “kör ýa-da ol kör we sowatsyz bolsa,” diýen sözler bilen çalşyrmaly; b) üçünji tesiminde “ker, lal ýa-da ker-lal sowatsyz”, “ker, lal, ker-lal” diýen sözleri “ker-lal ýa-da ol ker-lal we sowatsyz” diýen sözler bilen çalşyrmaly; 11) ýigrimi altynjy böleginde: a) birinji tesiminde: “Notarial taýdan tassyklanylýan geleşikleriň” diýen sözleri “Notarial hereketleri amala aşyrylanda notarial namanyň” diýen sözler bilen çalşyrmaly; “amala aşyrylan” diýen sözleri “düzülen” diýen söz bilen çalşyrmaly; b) altynjy tesiminde “Mirasa” diýen sözi “mirasa” diýen söz bilen çalşyrmaly; 12) ýigrimi sekizinji böleginde: a) birinji tesimini şu görnüşde beýan etmeli: “28. Notariuslar tarapyndan amala aşyrylýan ähli notarial hereketleri bellige almagyň Sanawynda hem-de bitewi maglumat Sanawynda bellige alynýar.”; b) ikinji, üçünji, dördünji tesimlerinde “Sanawda”, “Sanaw”, “Sanawyň”, “Sanawa”, “Sanawda” diýen sözleri degişlilikde “bellige almagyň Sanawynda”, “Bellige almagyň Sanawy”, “Bellige almagyň Sanawynyň”, “bellige almagyň Sanawyna”, “Bellige almagyň Sanawynda” diýen sözler bilen çalşyrmaly; ç) bäşinji tesimini şu görnüşde beýan etmeli: “Notarial hereketi, degişli bolan tölegleri tölemek bilen notarial hereketini amala aşyrmak üçin zerur bolan ähli resminamalaryň berlen güni amala aşyrylýar. Şunda notarial hereketi barada ýazgy bellige almagyň Sanawyna girizilip, notarial hereketini amala aşyrmak üçin ýüz tutan şahslar (olaryň wekilleri) tarapyndan gol çekileninden soň notarial hereket amala aşyrylan hasaplanylýar. Mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama poçta arkaly iberlen halatynda, bellige almagyň Sanawyna gol çekilmeýär we bellige almagyň Sanawynda şahadatnamanyň poçta arkaly iberlendigi barada bellik edilýär hem-de poçta arkaly iberlendigi baradaky degişli resminamanyň ýa-da gelip gowşan beýleki görnüşdäki habaryň maglumaty ýazylýar. Şunda notarial hereketi barada ýazgy bellige almagyň Sanawyna girizileninden soň notarial hereketi amala aşyrylan hasaplanylýar.”; 13) ýigrimi dokuzynjy bölegini şu görnüşde beýan etmeli: “29. Özleri babatda ýa-da olaryň tabşyrygy boýunça notarial hereketleri amala aşyrylan fiziki we ýuridik şahslaryň ýa-da olaryň wekilleriniň ýazmaça arzalary (şol sanda ýuridik şahslaryň hat üsti bilen soramagy) boýunça notariuslar bellige almagyň Sanawyndan göçürme berýärler. Wesýetnama barada bellige almagyň Sanawyndan göçürmeler, wesýet edijiniň diri wagtynda onuň özüne berilýär, wesýet ediji öleninden soň bolsa, ölüm hakynda şahadatnamanyň ýa-da raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň edaralaryndan (mundan beýläk - RÝNÝ edaralary) alnan bu barada resminamanyň berilmegi bilen, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, Kanunyň 9-njy maddasynyň bäşinji, altynjy we ýedinji böleklerinde görkezilen şahslara we edaralara, ýagny hukuk kabul edijilik tertibinde we eýeçilikdäki paýa bolan hukugy esasynda özlerine geçýän şahslara, önümçiliginde bolan işler boýunça kazyýetiň, prokuratura, anyklaýyş hem-de derňew edaralarynyň ýazmaça talap etmegi boýunça, şeýle hem şu Kanun bilen notariuslaryň işine gözegçiligi amala aşyrmaga ygtyýarly edaralara ýa-da kanunçylykda bellenilen halatlarda beýleki edaralara, gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny amala aşyrýan döwlet bellige alyjysynyň ýazmaça ýa-da sanly ulgam arkaly talap etmegi boýunça berilýär, şeýle hem wesýet edijiniň mirasdarlaryna berilýär.”; 14) otuz ikinji böleginiň birinji we bäşinji tesimlerinde “Sanawda” diýen sözi degişlilikde “bellige almagyň Sanawynda” diýen sözler bilen çalşyrmaly; 15) otuz üçünji böleginiň birinji tesiminde: a) 2-nji bendinde “umumy hususy eýeçilige gatnaşyjylaryň şol gozgalmaýan emläge bir umumy hukuk belleýji resminamasy bar bolsa we olaryň biri özüne degişli bölegi (ýa-da paýlardaky paýyny)” diýen sözleri “umumy paýly eýeçilige gatnaşyjylaryň şol gozgalmaýan emläge bir umumy hukuk belleýji resminamasy bar bolsa we olaryň biri özüne degişli paýyny” diýen sözler bilen çalşyrmaly; b) 3-nji we 5-nji bentlerinde “Mirasa bolan hukugy” diýen sözleri degişlilikde “Mirasa bolan hukuk”, “mirasa bolan hukuk” diýen sözler bilen çalşyrmaly; 16) otuz dördünji böleginiň altynjy tesiminden soň şu mazmunly tesimi goşmaly: “Resminamanyň öwezligi, resminamanyň nusgasy ýa-da resminamadan göçürme berilmegi babatda ýüz tutulanda, eger resminama gozgalmaýan emläk babatda bolsa, notariuslar şol emläk babatda geleşik baglaşylandygyny, ýagny ýüz tutýanyň şol emlägi aýrybaşgalandygyny ýa-da aýrybaşgalamandygyny, ýüz tutan wagtynda şol emlägiň eýesi bolup durýandygyny barlamaga borçludyrlar. Barlagda Kanunyň 60-njy maddasynyň birinji böleginiň esasynda resminamanyň öwezligi, resminamanyň nusgasy ýa-da resminamadan göçürme berilmegi üçin ýüz tutmaga hukugy bolan şahs tarapyndan resminamanyň öwezligi berilýän emlägiň aýrybaşgalanandygy ýüze çykarylsa, şol beriljek resminamanyň öwezliginde, resminamanyň nusgasynda ýa-da resminamadan göçürmede agzalan resminama berilýän şahsyň bu emlägi aýrybaşgalandygy hakynda we şol geleşigiň ady, baglaşylan senesi, belgisi we ýeri barada bellik edilýär. Bu kada resminamanyň öwezligi, resminamanyň nusgasy ýa-da resminamadan göçürme ýüz tutýanyň diňe özleri babatda ýa-da tabşyrygy boýunça amala aşyrylan notarial hereketleri babatda berilýän ýagdaýlara degişidir.”; 17) otuz sekizinji böleginde “döwlet notariusy”, “Döwlet notariusy” diýen sözleri degişlilikde “notariuslar”, “Notariuslar” diýen sözler bilen çalşyrmaly; 18) otuz dokuzynjy böleginiň dördünji tesimini şu görnüşde beýan etmeli: “Taraplaryň islegi boýunça Türkmenistanyň kanunçylygy arkaly hökmany notarial taýdan görnüşi bellenilmedik beýleki Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän geleşikler hem tassyklanyp bilner.”; 19) kyrk birinji böleginde: a) birinji-ikinji tesimlerini şu görnüşde beýan etmeli: “41. Gozgalmaýan we ol babatda hukuk döwlet belligine alynmaga degişli gaýry emlägi aýrybaşgalamak ýa-da girewe goýmak barada geleşikler notarial taýdan tassyklananda bu emlägiň aýrybaşgalanmagyny ýa-da girewini amala aşyrýan şahsa degişliligi, şeýle hem gozgalmaýan emlägiň gozgamasyz edilmeginiň, gozgalmaýan emläk bilen belli bir hereketleri amala aşyrmaklygyň gadagan edilmeginiň ýa-da ätiýaçsyzlandyryş çäresi hökmünde gozgalmaýan emlägi girew goýmagyň saýlanylmagynyň we onuň ýatyrylmagynyň döwlet belligine alynandygy ýa-da alynmandygy (mundan beýläk-aýrybaşgalamaga gadaganlygyň ýa-da gozgamasyz edilmeginiň ýokdugy) bitewi maglumat Sanawyndan barlanylýar. Mundan başga-da, şu bölegiň ikinji tesiminde göz öňünde tutulan resminamany almak we barlamak arkaly barlanylýar. Şahsa degişlidigi, şeýle hem aýrybaşgalamaga gadaganlygyň ýa-da gozgamasyz edilmeginiň ýokdugy 2019-njy ýylyň 3-nji aprelinde 1206 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet sanawynyň resminamalaryny ýöretmegiň Tertiplerini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Adalat ministriniň 2019-njy ýylyň 12-nji martynda çykaran 19-iş belgili buýrugy bilen tassyklanylan, Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet sanawyndan fiziki we ýuridik şahslaryň maglumat bermek baradaky ýüz tutmalaryny hasaba alyş kitabynyň ýörediliş Tertibinde (mundan beýläk-Maglumat bermek baradaky ýüz tutmalaryny hasaba alyş kitabynyň ýörediliş Tertibi) göz öňünde tutulan “Geleşigiň notarial taýdan tassyklanylmagy üçin berlen” diýen ýörite bellikli Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet sanawyndan gozgalmaýan emlägiň obýekti hakynda maglumatdan göçürmesini (mundan beýläk – döwlet sanawyndan Göçürme) almak arkaly barlanýar. Döwlet sanawyndan Göçürme berlen gününden başlap 30 (otuz) senenama gününiň dowamynda hakyky güýjündedir. Şeýle hem, döwlet sanawyndan Göçürmäniň berlen gününe garamazdan (şol gün berlen bolsa-da) notariuslar Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet sanawynyň elektron ulgamy programma üpjünçiligi arkaly barlaýar, notariuslar bu ulgam arkaly barlandygy barada döwlet sanawyndan Göçürmede barlan senesini, wagtyny görkezýär we goly hem-de möhüri bilen tassyklaýar.”; b) dördünji tesiminden soň şu mazmunly tesimleri goşmaly: “Gozgalmaýan emlägi aýrybaşgalamak baradaky şertnamalaryň tassyklanylmagy amala aşyrylanda, eger hukuk belleýji resminamanyň, ýagny Gullugyň ýerli edarasy tarapyndan bellige alyş ýazgysy ýazylan hukuk belleýji resminama bellige alyş ýazgysy gaýtadan ýazylan bolsa we (ýa-da) Gullugyň ýerli edarasy tarapyndan berlen gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugy baradaky şahadatnamanyň öwezligi alnan bolsa, notariuslar gozgalmaýan emlägiň ýerleşýän ýeri boýunça Gullugyň ýerli edarasy tarapyndan şol bellige alyş ýazgysy gaýtadan ýazyljak we ýa-da gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugy baradaky şahadatnamanyň öwezligi beriljek wagty gozgalmaýan emlägiň ýerleşýän ýerindäki döwlet notarial edarasyndan şol emläk babatda geleşik baglaşylandygynyň, ýagny hukuk eýesiniň şol emlägi aýrybaşgalandygynyň ýa-da aýrybaşgalamandygynyň, ýüz tutan wagtynda şol emlägiň eýesi bolup durýandygynyň barlanylmagy üçin Gullugyň ýerli edarasynyň soragnamasynyň gelip gowşandygyny we ol boýunça berlen jogaby barlamaga borçludyrlar. Hususy notariuslar hem gozgalmaýan emlägiň ýerleşýän ýerindäki döwlet notarial edarasyndan bu barada sorap barlamalydyrlar. Soralandygy notariuslar tarapyndan anyklanylan halatynda, soragnamanyň we ol boýunça berlen jogabyň maglumatlary (soragnamanyň gelip gowşan we berlen jogabyň belgisi, senesi) barada şol hukuk belleýji resminamanyň notariuslar tarapyndan alnyp galynýan nusgasynda bellik edilýär. Eger şol emlägiň eýesi bolup durýandygyny barlamak üçin Gullugyň ýerli edarasynyň soragnamasynyň gelip gowuşmandygy notariuslar tarapyndan ýüze çykarylsa, şu kadanyň ýerine ýetirilmändigi barada haýal etmän Gullugyň ýerli edarasyna habar berilýär hem-de notariuslaryň özleri şol emläk babatda geleşik baglaşylandygynyň, ýagny hukuk eýesiniň şol emlägi aýrybaşgalandygynyň ýa-da aýrybaşgalamandygynyň, ýüz tutan wagtynda şol emlägiň eýesi bolup durýandygyny barlamalydyrlar hem-de özleri tarapyndan barlanandygy barada şol hukuk belleýji resminamanyň notariuslar tarapyndan alnyp galynýan nusgasynda bellik edýärler. Gullugyň ýerli edarasy tarapyndan bellige alyş ýazgysy ýazylan hukuk belleýji resminama bellige alyş ýazgysy gaýtadan ýazylmagy we (ýa-da) Gullugyň ýerli edarasy tarapyndan berlen gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugy baradaky şahadatnamanyň öwezliginiň berilmegi barada ýüz tutulanda, gozgalmaýan emlägiň ýerleşýän ýerindäki döwlet notarial edarasyndan şol emläk babatda geleşik baglaşylandygyny, ýagny hukuk eýesiniň şol emlägi aýrybaşgalandygyny ýa-da aýrybaşgalamandygyny, ýüz tutan wagtynda şol emlägiň eýesi bolup durýandygyny barlamak üçin ýüz tutulan gününden başlap iki iş gününiň dowamynda soragnama ibermäge borçludyrlar. Döwlet notarial edarasy bolsa, soragnamanyň gelip gowşan gününden başlap iki iş gününiň dowamynda jogap bermelidir. Еsasy şertnamadan gelip çykýan borçnamalary üpjün edýän girew hakyndaky şertnama üýtgetmeler we goşmaçalar girizilende hem esasy şertnama tassyklanan döwlet notarial edarasynda, hususy notariusda (döwlet notarial edarasy, hususy notarius işini bes edende, olaryň önümçiliginde bolan resminamalar tabşyrylan degişli döwlet notarial edarasynda) tassyklanmalydyr. Şeýle hem, “Türkmenistanda hususy ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň we olary ýerlemegiň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 8-nji awgustynda çykaran 13792-nji kararyna laýyklykda baglaşylýan üçtaraplaýyn şertnama üýtgetmeler we goşmaçalar girizilende hem ilkinji üçtaraplaýyn şertnama tassyklanan döwlet notarial edarasynda, hususy notariusda (döwlet notarial edarasy, hususy notarius işini bes edende, olaryň önümçiliginde bolan resminamalar tabşyrylan degişli döwlet notarial edarasynda) tassyklanmalydyr.”; ç) ýedinji tesiminde “alynmagyny Gullugyň” diýen sözlerden soň “döwlet ähmiýetli şäherlerde döredilýän müdirlikleri,” diýen sözleri goşmaly; 20) kyrk üçünji böleginde: a) altynjy, ýedinji tesimlerini şu görnüşde beýan etmeli: “Notariuslar tarapyndan şu halatlarda hossarlyk we howandarlyk edarasynyň rugsatnamasy talap edilýär. Bu düzgünler ata-eneleriň öz kämillik yaşyna ýetmedik çagalarynyň (perzentlige alnanlaryň) kanuny wekili hökmünde gatnaşyp baglaşylýan geleşiklerine hem degişlidir. Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksiniň 60-njy maddasynyň ikinji böleginiň ikinji tesimine laýyklykda, ýaşaýyş jaýynyň eýesi bolup durýan kämillik ýaşyna ýetmedik adamyň bähbitlerine täsir edýän eýeçilik hukugynyň bes edilmegine şu Kodeksiň 35-nji maddasynyň dördünji böleginiň talaplarynyň berjaý edilmegi bilen ýol berilýär. Şu kodeksiň 35-nji maddasynyň dördünji bölegine laýyklykda, hususy ýaşaýyş jaýynyň eýesiniň kämillik ýaşyna ýetmedik maşgala agzalarynyň ýaşaýan ýaşaýyş jaýyny aýrybaşgalamaga Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde olara hossarlyk we howandarlyk edýän hossarlyk we howandarlyk edarasynyň razylygy bilen ýol berilýär.”; b) sekizinji tesiminde “Ata-eneler” diýen sözleri “Zerurlyk ýüze çykanda ata-eneler” diýen sözler bilen çalşyrmaly, “çäkli” diýen sözüň yzyndan “ýa-da kämillik ukyby ýok” diýen sözleri goşmaly; 21) kyrk dördünji, kyrk bäşinji böleklerini şu görnüşde beýan etmeli: “44. Notariuslar geleşige gatnaşýan ýuridik şahslaryň hukuk ukyby barlanylan mahaly ýuridik şahsyň tertipnamasy ýa-da düzgünnamasy bilen tanyşmaga hem-de olaryň döwlet belligine alynandygyny, amala aşyrylýan hereketleriň ýuridik şahsa öz tertipnamasy ýa-da düzgünnamasy bilen berlen hukuklara laýyk gelýändigini barlamaga borçludyr. Ýuridik şahslar geleşigi wekil arkaly baglaşýan halatynda, notariuslar wekiliň ygtyýarlygyny barlaýarlar. Wekiliň ygtyýarlygy ynanç hatynyň esasynda ýüze çykýar. Notariuslar ýuridik şahslaryň tertipnamasy ýa-da düzgünnamasy boýunça geleşikleri baglaşmak hukugy berlen ýolbaşçylaryndan geleşikleri baglaşmak ýa-da beýleki hereketleri amala aşyrmak üçin ynanç hatlary talap edilmeýär. Şeýle halatlarda diňe olaryň wezipe ýagdaýyna güwä geçýän resminama talap edilýär. Eger ýuridik şahsyň tertipnamasynda ýa-da düzgünnamasynda geleşikleri baglaşmak ýa-da beýleki hereketleri amala aşyrmak üçin esaslandyryjylarynyň ýa-da gatnaşyjylarynyň (paýdarlarynyň) umumy ýygnagynyň teswirnamasynyň ýa-da başga resminamanyň esasynda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulan bolsa, şeýle halatlarda notariuslar bu resminamalary talap etmelidirler we barlamalydyrlar. Eger, ýuridik şahs saýlawly edarasy tarapyndan dolandyrylýan bolsa, wezipeli adamlaryň saýlanylmagy baradaky we olaryň arasynda borçlaryň paýlanylmagy hakyndaky karar talap edilmelidir. 45. Hukuk belleýji resminamasy esasynda bir adamyň adyna döwlet belligine alnan umumy bilelikdäki eýeçilik hukugynda bolan gozgalmaýan emläk aýrybaşgalananda, umumy bilelikdäki eýeçilik hukugyna gatnaşyjalar tarapyndan özlerine degişli bolan paýlaryny bölüp almaklygy amala aşyrmasalar, onda umumy bilelikdäki eýeçilik hukugynda bolan gozgalmaýan emlägi aýrybaşgalamak barada şertnama şol umumy bilelikdäki eýeçilik hukugyna gatnaşyjylarynyň hemmesiniň ýazmaça razylygy bilen tassyklanyp bilner. Tassyklanýan geleşikleriň asyl nusgalarynyň sany taraplaryň sany bilen kesgitlenýär, ýöne ol iki nusgadan az bolup bilmez, olaryň biri notarial işinde galýar. Ähli asyl nusgalara geleşige gatnaşyjylar gol çekýärler. Tassyklaýjy ýazgysy hem ähli asyl nusgalara ýazylýar. Geleşige gatnaşyjylaryň islegi boýunça olaryň her birine bir asyl nusga berilýär.”; 22) kyrk dokuzynjy bölegini şu görnüşde beýan etmeli: “49. Aýrybaşgalanýan gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugy hususan-da degişlilikde şu resminamalar bilen tassyklanylyp bilner: 1) hususy eýeçilik hukugynda ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer böleginiň berilmegi hakyndaky notarial taýdan tassyklanylan şertnama bilen; 2) döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugynyň ýüze çykmagynyň esasy hökmünde göz öňünde tutulan namalary bilen; 3) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda baglaşylan hem-de ýüze çykan pursatynda Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyk gelen şertnamalar we göz öňünde tutulan başga geleşikler, şeýle hem Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulmadyk, emma oňa çapraz gelmeýän şertnamalar we başga geleşikler bilen; 4) jemagat söwdalardan gozgalmaýan emlägi (gozgalmaýan emlägiň bir bölegini) edinmek hakyndaky resminamalar bilen; 5) mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama bilen; 6) är-aýalyň (öňki är-aýalyň) nikaly döwründe gazanylan umumy bilelikdäki eýeçilik hukugynda bolan emläkdäki paýa paýly eýeçilik hukugy hakynda şahadatnamalary (mundan beýläk-är-aýalyň umumy paýly eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama) bilen; 7) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ygtyýarly döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan berlen gozgalmaýan emläge bolan eýeçilik hukugy hakynda namalar (şahadatnamalar) bilen; 8) gozgalmaýan emläge bolan eýeçilik hukugyny tassyklaýan kazyýetiň kanuny güýje giren karary bilen; 9) esasy hukuk belleýji resminama goşmaça resminama bolup durýan, emlägi bölmek hakyndaky şertnama bilen; 10) Gullugyň ýerli edaralary tarapyndan resmileşdirilen Gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugy baradaky şahadatnamasy bilen; 11) umumy paýly eýeçilik hukugynda bolan emläkdäki paýa umumy paýly eýeçilik hukugy hakynda şahadatnamalary (mundan beýläk- umumy paýly eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama) bilen; 12) umumy bilelikdäki eýeçilik hukugynda bolan emläge umumy bilelikdäki eýeçilik hukugy hakynda şahadatnamalary (mundan beýläk-umumy bilelikdäki eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama) bilen; 13) ýatyrylan ýekebara kärhananyň (hususy kärhananyň) gozgalmaýan emlägine eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama bilen; 14) öý üçin paýly goşandyň doly üzülendigi hakynda ýaşaýyş jaý şereketiniň (ýaşaýyş jaýlarynyň hukuk eýeleriniň şereketleriniň, jaý-gurluşyk kooperatiwiniň) kepilnamasy bilen; 15) paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy bilen; 16) lizing şertnamasy bilen; 17) Türkmenistanyň kanunçylygy esasynda beýleki degişli resminama bilen. Şu bölekde bellenilen hukuk belleýji resminamalardan gelip çykýan döwlet belligine alynmaga degişli hukuklar döwlet belligine alnan bolmalydyr we şunda Gullugyň ýerli edarasy tarapyndan hukuk belleýji resminamanyň asyl nusgasyna bellige alyş ýazgysynyň ýazylmagy we (ýa-da) hukuk eýesine gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugy baradaky şahadatnamanyň berilmegi bu hukuklaryň döwlet bellige alnandygynyň tassyknamasy bolýar. Ýer böleginde ýerleşýän gozgalmaýan emläk aýrybaşgalananda, şol sanda şol emläk babatda mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berlende ýer bölegine bolan hukugy belleýän resminamalar, ýagny ýer bölegine eýeçilik hukugyny belleýän Döwlet namasy, ýerden peýdalanmak hukugyny belleýän Döwlet namasy, ýere kärende hukugyny belleýän Şahadatnama hem berilmelidir.”; 23) ellinji böleginde: a) ikinji tesimini şu görnüşde beýan etmeli: “Notariuslar gozgalmaýan emläge hukuk belleýän resminamadan başga-da döwlet sanawyndan Göçürme talap etmelidir.”; b) üçünji, dördünji tesimlerinde “ýer böleginiň, gozgalmaýan emlägiň Gullugyň ýerli edarasynyň resminamasynda hakykatdaky”, “ýer böleginiň ýa-da gozgalmaýan emlägiň Gullugyň ýerli edarasynyň resminamasynda görkezilen hakyky” diýen sözleri “ýer bölegi ýa-da beýleki gozgalmaýan emläk babatda maglumaty özünde saklaýan döwlet sanawyndan Göçürmede görkezilen” diýen sözler bilen çalşyrmaly; ç) dördünji tesiminde “Gullugyň ýerli edarasynyň beren resminamasy” diýen sözleri “döwlet sanawyndan Göçürmedäki maglumat” diýen sözler bilen çalşyrmaly; 24) elli ikinji böleginiň birinji tesiminde “döwlet bellige alyş edarasy tarapyndan beren degişli resminamasy” diýen sözleri “döwlet sanawyndan Göçürme” diýen söz bilen çalşyrmaly; 25) elli üçünji böleginiň birinji tesiminde “bilelikdäki umumy eýeçilik”, “geleşiklere” diýen sözleri degişlilikde “umumy bilelikdäki eýeçilik”, “geleşikler” diýen sözler bilen çalşyrmaly; 26) elli dördünji böleginiň dördünji tesiminde: a) “nikanyň hasaba alynmagynyň ýokdugy baradaky” diýen sözleri “nikada durmaýandygy baradaky” diýen sözler bilen çalşyrmaly; b) “Notariuslar şeýle resminamalaryň bardygyna garamazdan, arzanyň mazmunyny şertnamanyň beýleki taraplaryň dykgatyna ýetirmelidir, beýleki taraplar bolsa bu ýagdaýyň özüne mälimdigini ýazmaça tassyklap, arza gol çekmelidir.” diýen sözleri aýyrmaly; 27) elli bäşinji böleginde: a) birinji tesiminde “umumy eýeçilige (paýa)”, “artykmaç” diýen sözleri degişlilikde “umumy paýly eýeçilige”, “artykmaçlyk” diýen sözler bilen çalşyrmaly; b) ikinji tesiminde “umumy eýeçilik paýynyň” diýen sözleri “umumy paýly eýeçiligiň” diýen sözler bilen çalşyrmaly; ç) üçünji tesiminde “umumy eýeçilikdäki paýyň” diýen sözleri “umumy paýly eýeçilikdäki paýyň” diýen sözler bilen çalşyrmaly; d) dördünji, altynjy, ýedinji, sekizinji tesimlerinde “artykmaç” diýen sözi “artykmaçlyk” diýen söz bilen çalşyrmaly; 28) elli altynjy böleginde: a) birinji tesiminde “artykmaç” diýen sözi “artykmaçlyk” diýen söz bilen çalşyrmaly; b) ikinji tesimini şu görnüşde beýan etmeli: “Eger umumy paýly eýeçilige gatnaşyjylar umumy paýly eýeçilikdäki paýy satyn almaga artykmaçlyk hukugyndan boýun gaçyrýandygy barada arza berseler, şonda umumy paýly eýeçilikdäki bu paýy üçünji şahsa satmak hakyndaky şertnama olar umumy paýly eýeçilikdäki paýyň üçünji şahsa satyljakdygy hakyndaky satyjynyň habarnamasyny alan gününden başlap bir aý möhlet geçmezden tassyklanylýar.”; 29) elli ýedinji böleginde “artykmaç” diýen sözi “artykmaçlyk” diýen söz bilen çalşyrmaly; 30) elli sekizinji böleginiň birinji tesiminde “artykmaç”, “Umumy eýeçilikdäki” diýen sözleri degişlilikde “artykmaçlyk”, “Umumy paýly eýeçilikdäki” diýen sözler bilen çalşyrmaly; 31) altmyşynjy böleginden soň şu mazmunly 601 bölegi goşmaly: “601. “Ýaşaýyş jaýy, jaýyň bir bölegi, ýaşaýyş öýi aýrybaşgalananda, şol ýerde ýaşaýan (ýazgyda duran, hasaba goýlan) maşgala agzalarynyň, şol sanda beýleki adamlaryň, eger-de emläk olaryň umumy eýeçilik hukugyna degişli bolmasa, olardan aýrybaşgalamak üçin razylyk talap edilmeýär, muňa şu Düzgünnamanyň elli birinji böleginiň ikinji tesiminde bellenilen halatlar degişli däldir”; 32) altmyş ikinji böleginiň dördünji tesiminde “Gullugyň ýerli edarasynyň resminamasy” diýen sözleri “döwlet sanawyndan Göçürme” diýen söz bilen çalşyrmaly; 33) altmyş üçünji bölegini şu görnüşde beýan etmeli: “63. Umumy paýly eýeçilik hukugy esasynda, umumy paýly eýeçilik hukugynyň gatnaşyjylarynyň arasynda gozgalmaýan emlägi peýdalanmak bilen bagly baglaşylan öňki şertnama, notarial taýdan tassyklanylan we Gullugyň ýerli edarasynda döwlet belligine alnan bolsa, notarius umumy paýly eýeçilikdäki paýy aýrybaşgalamak baradaky şertnamany tassyklan mahalynda, umumy paýly eýeçilikdäki paýy satyn alan şahs tarapyndan bu şertnamanyň şertleriniň berjaý edilmeginiň hökmanydygy barada düşündirýär. Gullugyň ýerli edarasy tarapyndan berilýän şahadatnamada we döwlet sanawyndan Göçürmede hususylaşdyrylan gozgalmaýan emlägini hususylaşdyrmaga gatnaşan eýeleriniň görkezilendigine garamazdan, umumy bilelikdäki eýeçilige hukugy bolan şahslaryň şol eýeçilikdäki öz paýlaryny kesgitletmedik halatynda, notariuslar tarapyndan gozgalmaýan emlägi aýrybaşgalamak hakynda (satmak, çalyşmak, sowgat etmek we beýlekiler) şertnamalar tassyklananda, gozgalmaýan emlägiň hususylaşdyrylmagy adyna resmileşdirilen eýesiniň diňe özüni tarap hökmünde gatnaşdyryp, gozgalmaýan emlägi hususylaşdyrmaga gatnaşan beýleki eýelerini bolsa şertnamada tarap hökmünde gatnaşdyrmazdan, olaryň diňe razylyklaryny alyp, tassyklanylyp bilner. Şu halatlarda umumy bilelikdäki eýeçilige hukugy bolan şahslaryň ählisiniň eýelik edýän emlägi babatda ygtyýarlyklary doly barlanylmalydyr. Gozgalmaýan emlägi satyn almak şertnamasyny baglaşmak esasynda hususylaşdyrylan bolsa hem-de bäsleşikli söwda arkaly satyn almak-satmak şertnamasyny baglaşmak esasynda hususylaşdyrylan bolsa, hususylaşdyrmaga gatnaşan ähli eýesiniň nikada durandygy ýa-da durmandygy anyklanylmaga degişlidir, eger nikada duran bolsalar, olaryň, ýagny hususylaşdyrmaga gatnaşmadyk äriniň (aýalynyň) beýlekisiniň hem razylyklary alynmalydyr. “Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, hususylaşdyrmagyň subýektleriniň eýeçiligine göni (salgyly) berilmegi görnüşinde-muzdsuz görnüşinde hususylaşdyrylan bolsa, hususylaşdyrmaga gatnaşmadyk äriniň (aýalynyň) beýlekisiniň razylygy talap edilmeýär. Gozgalmaýan emlägi hususylaşdyrmaga gatnaşan we umumy bilelikdäki eýeçilikdäki öz paýyny kesgitleden eýesi şertnamada tarap hökmünde gatnaşdyrylýar.”; 34) altmyş altynjy bölegini şu görnüşde beýan etmeli: “66. Ýuridik şahslaryň gurluşygy tamamlanmadyk gozgalmaýan emlägi aýrybaşgalamak baradaky şertnamasynyň tassyklanylmagy şu resminamalaryň esasynda amala aşyrylýar: 1) gurluşyk obýektiniň gurluşygy üçin ýer bölegini bölüp bermek hakynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň çözgüdi, ýer bölegine eýeçilik hukugyny berýän Döwlet namasy, ýerden peýdalanmak hukugyny berýän Döwlet namasy, ýere kärende hukugy barada Şahadatnamasy; 2) degişli etrap (şäher) häkimligi tarapyndan berlen tamamlanmadyk gurluşygyň saklanylandygyny tassyklaýan resminamasy; 3) gurluşyk obýektiniň taslamasyny düzen (taýýarlan) taslama guramasy tarapyndan berlen gurluşygyň taslamadan düýpli gyşarman hem-de gurluşyk kadalary we düzgünleri bozulman alnyp barlandygyny tassyklaýan kepilnamasy; 4) tehniki tükelleýiş edaralary tarapyndan berilýän gurluşygy tamamlanmadyk gozgalmaýan emlägiň tehniki pasporty. Hususy gurujynyň gurluşygy tamamlanmadyk gozgalmaýan emlägi aýrybaşgalamak baradaky şertnamasynyň tassyklanylmagy şu resminamalaryň esasynda amala aşyrylýar: 1) gurluşyk obýektiniň gurluşygy üçin ýer bölegini bölüp bermek hakynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň çözgüdi, ýer bölegine eýeçilik hukugyny berýän Döwlet namasy, ýerden peýdalanmak hukugyny berýän Döwlet namasy, ýere kärende hukugy barada Şahadatnamasy; 2) degişli etrap (şäher) häkimligi tarapyndan berlen tamamlanmadyk gurluşygyň saklanylandygyny tassyklaýan resminamasy; 3) degişli etrap (şäher) häkimliginiň binagärlik bölümi tarapyndan berlen gurluşygyň taslamadan/çyzgydan düýpli gyşarman hem-de gurluşyk kadalary we düzgünleri bozulman alnyp barlandygyny tassyklaýan resminamasy; 4) tehniki tükelleýiş edaralary tarapyndan berilýän gurluşygy tamamlanmadyk gozgalmaýan emlägiň tehniki pasporty. Görkezilen şertnama tassyklanylan mahalynda, şu bölekde görkezilen resminamalardan başga-da, gurluşygy tamamlanan ýaşaýyş jaýlary aýrybaşgalanan mahalynda talap edilýän resminamalar berilýär. Gurluşygy tamamlanmadyk gozgalmaýan emläk babatda aýrybaşgalamaga gadaganlygyň ýa-da gozgamasyz edilmeginiň ýokdugy baradaky maglumatlary barlamak üçin döwlet sanawyndan Göçürme we gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugy baradaky şahadatnama talap edilýär. Gurluşygy tamamlanmadyk gozgalmaýan emlägi aýrybaşgalamak baradaky şertnamasynyň ýazgysynda aýratyn bölüm bilen şahsy eýeçilik hukugynda ýaşaýyş jaýyny gurmak hakyndaky şertnama (eger şertnama bar bolsa) arkaly göz öňünde tutulan borçnamany şol gozgalmaýan emlägi satyn alyjynyň öz üstüne alýandygy görkezilýär. Gurluşygy tamamlanmadyk gozgalmaýan emlägi aýrybaşgalamak baradaky şertnamasy tassyklanylan mahaly, hukuk belleýji resminama hökmünde gozgalmaýan emlägi gurmak üçin berlen ýer bölegine bolan hukugy belleýän degişli resminama şertnama goşulýar we gozgalmaýan emlägi satyn alyja berilýär.”; 35) altmyş dokuzynjy böleginiň üçünji tesiminde “bellige alyş döwlet edarasynda” diýen sözleri “Gullugyň ýerli edaralarynda” diýen sözler bilen çalşyrmaly; 36) ýetmiş dördünji bölegine şu mazmunly bäşinji tesimi goşmaly: “Paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy tassyklananda, ýaşaýyş jaýynyň we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň paýly gurluşygy üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýer böleginiň berlendigi hakynda döwlet belligine alnan resminamanyň bardygy anyklanylmalydyr we şol resminamanyň nusgasy notariuslar tarapyndan alnyp galynmalydyr.”; 37) ýetmiş bäşinji böleginde: a) birinji tesiminde “baglaşmak esasynda bergini ilki başky” diýen sözleri “boýunça bergini ilkibaşdaky” diýen sözler bilen çalşyrmaly; b) ikinji tesiminde: birinji tesiminde “475-478-nji” diýen sanlary we sözi “486-489-njy” diýen sanlar we söz bilen çalşyrmaly; 6-njy bendinde “ýetenlerden” diýen sözi “ýeten” diýen söz bilen çalşyrmaly; ç) üçünji tesiminiň 2-nji bendinde “ýuridik şahsy hasaba almak barada şahadatnama,” diýen sözleri “Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyna girizmek baradaky şahadatnama we Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürme,” diýen sözler bilen çalşyrmaly; d) dördünji tesiminde “bellige alyş döwlet edarasyndan gozgalmaýan emläk babatda degişli resminama” diýen sözleri “gozgalmaýan emläk babatda döwlet sanawyndan Göçürme talap edilmelidir.”; 38) ýetmiş sekizinji böleginiň bäşinji tesiminde “nikanyň hasaba alynmagynyň ýokdugy baradaky” diýen sözleri “nikada durmaýandygy baradaky” diýen sözler bilen çalşyrmaly; 39) ýetmiş dokuzynjy böleginiň bäşinji tesimini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli; 40) segseninji böleginde “268-nji” diýen sanlary we sözi “276-njy” diýen sanlar we söz bilen çalşyrmaly; 41) segsen ikinji böleginiň birinji tesiminde “degişli edaranyň beren kepilnamasy” diýen sözleri “döwlet sanawyndan Göçürme” diýen söz bilen çalşyrmaly; 42) segsen üçünji böleginiň üçünji tesiminde “Öýüň eýesi bilelikde ýaşaýan,” diýen sözleri “Öýüň eýesi ony şol öýde bile ýaşaýan” diýen sözler bilen çalşyrmaly; 43) segsen bäşinji bölegine şu mazmunly sözlemi goşmaly: “Baha kesmek işiniň çygryna degişli bolmadyk Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kesgitlenen baha boýunça ýerlenilýän döwletiň, karz serişdeleriniň, beýleki serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirilen täze gurluşyk binalarynyň, desgalarynyň, jaýlaryň, öýleriň, şol sanda has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlaryndaky öýleriň, paýly gurluşyk bilen bagly girew şertnamalary tassyklanylýan halatlary muňa girmeýär.”; 44) segsen altynjy, bir ýüz ýigrimi birinji, bir ýüz otuz sekizinji, bir ýüz kyrk bäşinji, bir ýüz ellinji, bir ýüz segsen dördünji, bir ýüz segsen altynjy, bir ýüz segsen sekizinji, bir ýüz segsen dokuzynjy böleklerinde karzdara salgylanmany karz berijä salgylanma bilen çalşyrmaly; 45) segsen sekizinji böleginiň birinji tesiminde “patenti, ýuridik şahsdan bolsa esaslandyryş resminamalaryny” diýen sözleri “salgyt salmagyň ýönekeýleşdirilen ulgamy bellenilen işleriň görnüşleri üçin girdeji salgydynyň bellenen ululygynyň tölenendigine şaýatlyk edýän tassyknamany, ýuridik şahsdan bolsa esaslandyryş resminamalaryny, Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyna girizmek baradaky şahadatnamasyny we Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesini” diýen sözler bilen çalşyrmaly; 46) segsen dokuzynjy böleginiň birinji tesiminde, bir ýüz onunjy böleginiň altynjy tesiminde, bir ýüz otuz bäşinji böleginiň on üçünji tesiminde, bir ýüz altmyş üçünji böleginiň üçünji tesiminde “döwlet notariusy”, “Döwlet notariusy”, “döwlet notariusyň” diýen sözleri degişlilikde “notariuslar”, “Notariuslar”, “notariuslaryň” diýen sözler bilen çalşyrmaly; 47) togsan dördünji böleginiň üçünji tesiminde “degişli bellige alyş döwlet edarasynyň resminamasy, gadagan etmäniň ýa-da gozgalmasyz etmäniň ýokdugy barada resminamasy” diýen sözleri “Gullugyň ýerli edarasyndan döwlet sanawyndan Göçürme” diýen sözler bilen çalşyrmaly; 48) togsan dokuzynjy böleginiň birinji tesiminde “kör ýa-da sowatsyz bolsa” diýen sözleri “kör ýa-da ol kör we sowatsyz bolsa” diýen sözler bilen çalşyrmaly; 49) bir ýüzünji böleginiň ikinji tesiminde “Sanawda” diýen sözi “bellige almagyň Sanawynda” diýen sözler bilen çalşyrmaly; 50) bir ýüz ikinji böleginiň ikinji tesiminde “1130-njy” diýen sanlary we sözi “1172-nji” diýen sanlar we söz bilen çalşyrmaly; 51) bir ýüz bäşinji böleginiň ikinji tesiminde “Sanawda, Notariatyň bir bitewi maglumat ulgamynda,” diýen sözleri “bellige almagyň Sanawynda, bitewi maglumat Sanawynda” diýen sözler bilen çalşyrmaly; 52) bir ýüz altynjy böleginde: a) ikinji tesimine şu mazmunly ikinji sözlemi goşmaly: “Türkmenistanyň çäginden daşarda hereketi ýerine ýetirmek üçin niýetlenilen ynanç hatynda maglumatlar Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyna laýyklykda ýazylyp bilner. Şunda wekiliň ýa-da wekilçilik edýäniň atasynyň ady, ýaşaýan ýeri görkezilmän bilner.”; b) ýedinji tesiminden soň şu mazmunly tesimi goşmaly: “Notariuslar tarapyndan gozgalmaýan emlägi aýrybaşgalamak ýa-da girewe goýmak bilen bagly wekilçilik görkezilen ynanç haty tassyklanylanda, şol ynanç hatynyň ýazgysynda “Şu gozgalmaýan emlägi aýrybaşgalamak ýa-da girewe goýmak babatda notarial hereketleri geçiriljek bolanda, berlen şu ynanç hatynyň güýjündedigi barlanylmaga degişlidir.” diýen ýazgy edilýär, şunda ynanç hatlarynyň güýjüniň ýatyrylandygy ýa-da ýatyrylmandygy bitewi maglumat Sanawynda barlanylýar, bu kada diňe Türkmenistanyň çäginde ýerleşen gozgalmaýan emlägi aýrybaşgalamak ýa-da girewe goýmak bilen bagly wekilçilik görkezilen Türkmenistanyň çäginde notarial işini amala aşyrýan notariuslar tarapyndan tassyklanan ynanç hatlara degişlidir. Notariuslar daşary ýurt döwletlerinde tassyklanylan gozgalmaýan emlägi aýrybaşgalamak ýa-da girewe goýmak bilen bagly wekilçilik görkezilen ynanç hatlarynyň hakykylygyny, güýjüniň ýatyrylandygyny ýa-da ýatyrylmandygyny barlamak üçin degişli işleri geçirmäge borçludyrlar we notariuslar bu barada özünde galýan ynanç hatynyň nusgasynda geçirilen işler barada şeýle hem, barlan senesini, wagtyny görkezýärler we goly hem-de möhüri bilen tassyklaýarlar.”; 53) bir ýüz onunjy böleginiň ikinji tesiminde “Sanawdaky” diýen sözi “bellige almagyň Sanawyndaky” diýen sözler bilen çalşyrmaly; 54) bir ýüz on birinji böleginiň ikinji tesiminde “we Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan beýleki adamlara degişli däldir” diýen sözleri “, awtoulaga mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnamasyny alan adamlara we Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan beýleki adamlara (şol sanda Türkmenistanyň çäginden daşarda hereketi ýerine ýetirmek üçin niýetlenilen ynanç hatlaryna) degişli däldir” diýen sözler bilen çalşyrmaly; 55) bir ýüz on dördünji böleginiň birinji tesimini şu görnüşde beýan etmeli: “114. Notariuslar ynanç hatyny resmileşdirýän adama ynanç hatyny ýatyrmagyň aşakda sanalyp geçilen esaslarynyň biri bar bolan ýagdaýynda ynanç hatynyň ýatyrylýandygy barada düşündirmelidir: 1) ynanylan şahs ýüz dönderende; 2) ynanç hatyny beren şahs tarapyndan ýatyrylanda; 3) eger başgaça bellenilmedik bolsa, ynanç hatyny beren şahs ölende ýa-da onuň kämillik ukybynyň ýokdugy ýüze çykanda; 4) ýerine ýetirilende; 5) ynanç hatynyň berlen möhleti tamamlananda; 6) kazyýetiň çözgüdi bilen.”; 56) bir ýüz on bäşinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli: “115. Tassyklanan ynanç hatynyň ýatyrylan halatynda, bu barada dessine bitewi maglumat Sanawyna girizilmäge degişlidir. Notariuslar tassyklanan ynanç hatyny ýatyrmak hakynda arzany alan halatynda, bu barada ynanç hatynyň özlerinde saklanýan nusgasynda we bellige almagyň Sanawynda bellik edýärler. Ynanç hatyny ýatyrmak hakynda arzadaky gol notarial taýdan şaýatlyk edilen bolmalydyr. Şunda notariuslar, ynanç hatynyň ýatyrylandygy barada ynanýan tarapyndan ynanylana we oňa mälim bolan şolaryň öňünde wekilçilik etmek tabşyrylan üçünji taraplara, şeýle hem öň ynanç hatyny tassyklan döwlet notarial edarasyna, hususy notariusa habar bermek borçlaryny ynanýana düşündirmäge borçludyrlar, şeýle hem, ýatyrylan ynanç haty bar bolsa, ol notariuslar tarapyndan alnyp galynmalydyr, ýok bolan halatynda raýatyň özi tarapyndan arzasynda bu barada beýan edilmelidir.”; 57) bir ýüz ýigrimi birinji böleginiň üçünji tesiminde “1245” diýen sanlary “1287” diýen sanlar bilen, “şahslardan” diýen sözi “şahslara” diýen söz bilen çalşyrmaly; 58) bir ýüz ýigrimi üçünji böleginiň dördünji tesiminde “446-njy” diýen sanlary we sözi “457-nji” diýen sanlar we söz bilen çalşyrmaly; 59) bir ýüz ýigrimi dördünji böleginiň birinji tesiminde “Türkmenistanyň Merkezi bankynyň edaralaryndaky döwlet notarial edarasynyň” diýen sözleri “Türkmenistanyň karz edaralaryndaky döwlet notarial edarasynyň ýa-da hususy notariusyň” diýen sözler bilen çalşyrmaly; 60) bir ýüz ýigrimi bäşinji böleginde “Sanawda” diýen sözi “bellige almagyň Sanawynda” diýen sözler bilen çalşyrmaly; 61) bir ýüz ýigrimi dokuzynjy böleginiň birinji tesimini şu görnüşde beýan etmeli: “129. Zerur bolan halatlarynda notariuslar mirasdarlar tarapyndan miras kabul edilip alynýança, eger ol alynmadyk bolsa, onda Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1144-nji maddasynyň birinji bölegine laýyklykda kazyýet tarapyndan kesgitlenip mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama döwlete berilýänçä, miras emläkden pul möçberleriniň şulara berilmegine ygtyýar edýärler:”; 62) V-nji babynyň adynda “Mirasa bolan hukugy” diýen sözleri “Mirasa bolan hukuk” diýen sözler bilen, ýazgysynda “Mirasa bolan hukugy” diýen sözleri “mirasa bolan hukuk” diýen sözler bilen çalşyrmaly; 63) bir ýüz otuzynjy böleginiň ikinji tesiminde: a) “berilmegi, ýa-da” diýen sözleri “berilmegi ýa-da” diýen sözler bilen çalşyrmaly; b) “är-aýalyň (öňki är-aýalyň) bilelikdäki umumy eýeçiligindäki paýa bolan hukuk hakynda şahadatnama” diýen sözleri “är-aýalyň umumy paýly eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama” diýen sözler bilen çalşyrmaly; 64) bir ýüz otuz üçünji böleginiň birinji tesiminiň birinji sözleminde “3 (üç) aýyň” diýen sany we sözleri “4 (dört) aýyň” diýen san we sözler bilen çalşyrmaly; 65) bir ýüz otuz bäşinji böleginiň on dördünji tesimini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli; 66) bir ýüz otuz ýedinji böleginiň birinji tesiminde “asyl nusgasy ýa-da öwezligi” diýen sözlerden soň “, olar bolmasa döwlet arhiwlerinden tassyklanylyp alnan görnüşi” diýen sözleri goşmaly; 67) bir ýüz otuz sekizinji böleginde: a) birinji tesiminde “degişli edaranyň resminamasy” diýen sözleri “döwlet sanawyndan Göçürme” diýen söz bilen çalşyrmaly; b) ikinji tesiminde “degişli edaranyň beren kepilnamasy” diýen sözleri “döwlet sanawyndan Göçürme” diýen söz bilen çalşyrmaly; ç) üçünji tesiminden soň şu mazmunly dördünji tesimi goşmaly: “Mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berlende ýer bölegine bolan hukugy belleýän resminamalar, ýagny ýer bölegine eýeçilik hukugyny belleýän Döwlet namasy, ýerden peýdalanmak hukugyny belleýän Döwlet namasy, ýere kärende hukugyny belleýän Şahadatnamany hem talap edilmelidir (berlen ýer bölekleri döwlet we jemgyýetçilik hajatlary üçin yzyna alnan, ýaşaýyş jaýlary, öýleri, önümçilik we beýleki binalary, desgalary ýykylyp aýrylan halatlarda bolsa, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň beren degişli resminamasy hem-de Türkmenistanyň kanunçylygyndan gelip çykýan beýleki halatlarda degişli resminamalar).”; 68) bir ýüz kyrk birinji böleginde: a) dördünji tesiminiň ikinji sözleminden soň şu mazmunly sözlemi goşmaly: “Şunda şahadatnamany poçta arkaly iberilmegi barada mirasdaryň arzasynda bellenilip geçilmelidir. Notarial hereketiniň amala aşyrylmagy üçin degişli tölegler tölenilmeli ýagdaýlarynda şahadatnama töleg haty gelip gowşan gününden başlap üç senenama gününiň dowamynda iberilýär. Şeýle halatlarda şu Düzgünnamanyň ýigrimi sekizinji böleginiň bäşinji tesiminiň talaplary ýerine ýetirilmelidir.”; b) bäşinji-dokuzynjy tesimlerini şu görnüşde beýan etmeli: “Eger hem kanun boýunça, hem wesýetnama boýunça mirasdarlar ýok bolsa ýa-da olaryň hiç biri mirasy almadyk bolsa ýa-da ähli mirasdarlar miras edinmek hukugyndan mahrum edilen bolsalar, mirasdarlary bolmadyk emläk gazna geçýär. Eger miras galdyryjy gartaşan adamlar we maýyplygy bolan adamlar üçin öý-internatlarynyň, kesel bejeriş, terbiýeçilik edaralarynyň we durmuş taýdan hyzmat edýän edaralaryň saklamagynda bolan bolsa, onda miras şol edaralaryň eýeçiligine geçýär. Mirasdarlary bolmadyk emläk jemgyýetiň aksiýalary görnüşinde ýa-da kooperatiwdäki gatanjy paý görnüşinde bolsa, eger kanunda başgaça göz öňünde tutulmadyk halatynda, olara geçýär. Şu bölegiň bäşinji tesiminde beýan edilen halatlar kazyýet tarapyndan kesgitlenilýär. Kazyýetiň karary esasynda emläk miras hukugy boýunça döwlete geçse, kazyýetiň kanuny güýje giren karary gelip gowşanyndan soň döwletiň mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnamasy degişli salgyt edarasyna berilýär. Kazyýetiň kanuny güýje giren karary esasynda, döwlete kanun boýunça mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berlende, Kanunyň 87-nji maddasynyň bäşinji bölegine laýyklykda, degişli subutnamalary talap etmek arkaly miras galdyryjynyň ölenliginiň fakty, mirasyň ýüze çykan wagty, ýeri we berilýän miras emlägiň düzümi, hem-de ýerleşýän ýeri barlanylýar. Salgyt gullugynyň wekiline ygtyýarlyk berlendigi hakynda ynanç haty, onuň şahsyýetini tassyklaýan pasporty we arzasy esasynda döwlete kanun boýunça mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berilýär. Eger miras emlägiň düzümine ýaşaýyş jaýy ýa-da beýleki gozgalmaýan emläk girýän bolsa, olaryň miras galdyryja degişlidigi hakynda hukuk belleýji resminama, döwlet sanawyndan Göçürme talap edilýär, şunda ýaşaýyş jaýynyň ýa-da beýleki gozgalmaýan emlägiň aýrybaşgalanmagyna gadaganlygyň ýa-da gozgamasyz edilmeginiň ýokdugy döwlet sanawyndan Göçürme esasynda ýa-da sanly ulgam arkaly barlanylýar. Döwlet belligine alynmaga degişli gaýry emlägi (awtomobil we beýlekiler) mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama goşmak üçin bu emlägiň miras galdyryja degişlidigi hakynda resminamalary barlanylýar.”; 69) bir ýüz kyrk üçünji böleginiň ikinji tesiminde “, goşmaça emläge” diýen sözlerden soň “berilýän” diýen sözi goşmaly; 70) bir ýüz kyrk bäşinji böleginiň ikinji tesiminde “är-aýalyň bilelikdäki umumy eýeçiligindäki paýa bolan hukuk hakynda şahadatnama” diýen sözleri “är-aýalyň umumy paýly eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama” diýen sözler bilen çalşyrmaly; 71) bir ýüz kyrk ýedinji böleginde “bilelikdäki umumy eýeçilige” diýen sözleri “umumy bilelikdäki eýeçilige” diýen sözler bilen çalşyrmaly; 72) VI baby şu görnüşde beýan etmeli: “VI bap. Eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama bermek § 1. Är-aýalyň umumy paýly eýeçilik hukugy hakynda şahadatnamany bermegiň tertibi 149. Notariuslar, är-aýalyň (öňki är-aýalyň) bilelikde ýazmaça beren arzasy boýunça olaryň birine ýa-da är-aýalyň (öňki är-aýalyň) ikisine hem är-aýalyň umumy paýly eýeçilik hukugy hakynda şahadatnamalary berýär. Gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugy hakynda görkezilen şahadatnamalar notariuslar tarapyndan şol emlägiň ýerleşýän ýeri boýunça berilýär. Är-aýalyň umumy paýly eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama diňe şahadatnama berlen gününde bar bolan är-aýalyň bilelikdäki eýeçiligi bolup durýan emläge berilýär. Är-aýalyň umumy paýly eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama berlende notariuslar nusgasyny işe çatmak bilen, nika gatnaşygyny tassyklaýan resminamany talap edýär. Salgyt salynýan ýa-da ýygym alynýan emläge är-aýalyň umumy paýly eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama berlende salgydyň ýa-da ýygymyň tölenilendiginiň subutnamasy talap edilýär. 150. Eger är-aýalyň umumy paýly eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama berilýän emlägiň düzümine döwlet belligine alynmaga degişli emläk girýän bolsa, notariuslar är-aýalyň (öňki är-aýalyň) şeýle emläge bolan döwlet belligine alnan eýeçilik hukugyny belleýän resminamanyň berilmegini ýüz tutýandan talap edýär. Ol babatda hukuk döwlet belligine alynmaga degişli gozgalmaýan emläge är-aýalyň umumy paýly eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama berlen mahaly, notariuslar är-aýalyň umumy paýly eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama berilýän gozgalmaýan emlägiň häsiýetnamasy beýan edilen döwlet sanawyndan Göçürme ýüz tutýandan soraýar, döwlet sanawyndan Göçürme ýok bolsa ýa-da onuň bellenilen möhleti geçen bolsa, notariuslar döwlet sanawyndan Göçürmäniň kagyz we programma üpjünçiligi arkaly elektron görnüşindäki (skanirlenen) şekilini Gullugyň degişli müdirliginden ýa-da ýerli edaralaryndan şu Düzgünnamanyň XX-nji babynyň kadalaryna laýyklykda alyp bilerler. Gozgalmaýan emlägiň aýrybaşgalanmagyna gadaganlyk bar mahaly, aýrybaşgalanmagyna gadaganlyk bolan emläk babatda är-aýalyň umumy paýly eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama karz beriji razy bolan halatynda berilýär. Notariuslar tarapyndan är-aýala umumy paýly eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama berlen mahaly, gozgalmaýan emläge degişli hukuk belleýji resminamada bu barada bellik edilýär (şahadatnamanyň kim tarapyndan berlendigi, senesi, bellige almagyň Sanawynda haýsy belgi bilen bellige alnandygy). 151. Är-aýalyň biri ölen halatynda, är-aýalyň umumy paýly eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama diri galan äriň (aýalyň) ýazmaça beren arzasy boýunça, mirasy kabul eden mirasdarlara bu barada ilki bilen öňünden ýazmaça habarnama ibermek arkaly habar bermek bilen, mirasyň ýüze çykan ýeri boýunça notariuslar tarapyndan berilýär. Iberlen habar barada maglumaty özünde saklaýan resminama miras işine çatylýar. Notariuslar habarnamada öz paýy babatda är-aýalyň umumy paýly eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama berilmegini soraýan diri galan äriň (aýalyň) umumy bilelikdäki emläginiň düzümini görkezýär, şeýle hem mirasdarlar tarapyndan onuň emläk talaplaryna dawa edilen halatynda, kazyýete ýüz tutmak hukugyny düşündirýär. Habarnama poçta arkaly iberilýär, notariusa gelen mirasdarlara bolsa, notariuslar tarapyndan dilden habar berilýär, bu barada mirasdaryň goly bilen diri galan äriň (aýalyň) är-aýalyň umumy paýly eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama berilmegini soraýan arzasynyň soňunda bellik edilýär, şunda notariusa gelen mirasdarlaryň şahsyýetini tassyklaýan resminama barada maglumatlary görkezilýär. Mirasdarlaryň hatarynda kämillik ukyby ýok ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilen adamlar bolan mahaly habarnama hossarlyk we howandarlyk edarasyna iberilýär. Mirasdarlaryň hatarynda kämillik ýaşyna ýetmedikler bolan mahaly bolsa, habarnama olaryň ene-atalaryna berilýär. Är-aýalyň umumy paýly eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama diri galan äriň (aýalyň) adyna nika döwründe edinilen bilelikdäki umumy emlägiň ýarysyna berlip bilner. Diri galan äri (aýaly) är-aýalyň umumy bilelikdäki emlägindäki paýdan ýüz dönderip biler, bu barada aýratyn arza düzülip, ýa bolmasa bu halat mirasy kabul etmek ýa-da mirasdan ýüz döndermek baradaky arzada belläp biler. Şu halatlarda miras galan emläk kanun boýunça mirasdarlara degişli diýlip hasap edilen mirasdarlara, eger ähli miras wesýetnama bilen paýlanan bolsa, wesýetnama boýunça mirasdarlaryň paýyna degişli edilýär. Diri galan äriň (aýalyň) razylygy bilen, mirasy kabul edip alan mirasdarlaryň ýazmaça beren arzasy boýunça ölen äriň (aýalyň) umumy bilelikdäki emläkdäki paýy hem kesgitlenilip bilner. Şu halatda är-aýalyň umumy paýly eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama resmileşdirilende şu Düzgünnamanyň bir ýüz elli altynjy böleginiň üçünji, dördünji tesimleriniň kadalary ulanylýar. 152. Är-aýalyň biri ölen halatynda, är-aýalyň umumy paýly eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama berlen mahaly, notariuslar är-aýalyň ölüm hakyndaky şahadatnamasyndan (RÝNÝ edaralary tarapyndan berlen resminamadan) başga, arza berijiniň ölen är-aýal bilen nika gatnaşygyny tassyklaýan resminamany, är-aýalyň emlägine umumy bilelikdäki eýeçilige hukugy belleýän resminamany talap edýärler. 153. Eger miras galan emlägiň düzümine döwlet belligine alynmaga degişli emläk girýän bolsa, diri galan är-aýala är-aýalyň umumy paýly eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama berlen mahaly şu Düzgünnamanyň bir ýüz otuz sekizinji, bir ýüz otuz dokuzynjy böleklerinde beýan edilen kadalar berjaý edilýär. 154. Düzümine döwlet belligine alynmaga degişli emläk girýän, är-aýalyň umumy paýly eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama berlen mahaly, notariuslar döwlet bellige alynmagy üçin degişli edara ýüz tutulmagynyň zerurdygyny düşündirmelidir. § 2. Umumy paýly eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama bermegiň tertibi 155. Notariuslar umumy bilelikdäki eýeçilik hukugynda emlägi bolan şahslaryň bilelikdäki ýazmaça arzasy boýunça deslapdan olaryň her biriniň paýyny kesgitländen soň umumy bilelikdäki eýeçilik hukugynda bolan emläkden paýyny almak isleýän şahsa ýa-da şahslara umumy paýly eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama berýärler. Şu bölegiň kadalary umumy bilelikdäki eýeçilik hukugynda bolan emläkde paýy bolan şahs ölen halatynda hem degişlidir. Umumy bilelikdäki eýeçilik hukugynda bolan gozgalmaýan emlägiň hukuk eýesine umumy paýly eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama onuň ýerleşýän ýeri boýunça notarius tarapyndan berilýär. 156. Ýaşaýyş jaýyny kireýine alyjynyň maşgalasynyň kämillik ýaşyna ýeten ähli agzalarynyň razylygy bolan halatynda ýaşaýyş jaýynyň hususylaşdyrylmagy maşgalanyň ähli agzalarynyň, şol sanda wagtlaýyn bolmadyklaryň we kämillik ýaşyna ýetmedikleriň, umumy bilelikdäki ýa-da umumy paýly eýeçiligi hökmünde kireýine alyjynyň adyna ýa-da maşgalanyň kämillik ýaşyna ýeten beýleki agzasynyň adyna resmileşdirilýär we notariuslar hususylaşdyrmaga gatnaşan ähli şahslaryň bilelikdäki ýazmaça arzasy boýunça deslapdan olaryň her biriniň paýyny kesgitländen soňra umumy bilelikdäki eýeçilik hukugynda bolan gozgalmaýan emläkden paýyny almak isleýän şahsa ýa-da şahslara umumy paýly eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama berýärler. Umumy bilelikdäki eýeçilik hukugynda bolan emläkde paýy bolan şahs ölen halatynda, onuň ölüm hakynda şahadatnamasy ýa-da RÝNÝ edaralary tarapyndan bu barada berlen resminama talap edilip, şol resminamanyň nusgasy degişli tertipde alynmalydyr. Gozgalmaýan emläk babatda öň berlen hukuk belleýji resminama adyna resmileşdirilen (berlen) umumy bilelikdäki eýeçilik hukugynda bolan emläkde paýy bolan şahs ölen halatynda, hukuk belleýji resminama onuň adyna öň resmileşdirilendigi sebäpli, onuň paýyna umumy paýly eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama berilmeýär. Şu halatda notarius gozgalmaýan emlägiň hukuk belleýji resminamasynda beýleki umumy bilelikdäki eýeçilik hukugynda bolan emläkden paýyny alan şahslara degişli paýda umumy paýly eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama berlendigi barada bellik edip, senesini ýazyp, goluny we möhrüni goýmalydyr we nusgasyny özünde galdyrmak bilen asyl nusgasyny beýleki umumy bilelikdäki eýeçilik hukugynda bolan emläkden paýyny alan şahslara, mirasdarlara (haýsy hem bolsa birine) gaýtarmalydyr. Şunda gozgalmaýan emlägiň hukuk belleýji resminamasynyň asyl nusgasyny alandygy barada ony alan şahsyň, mirasdaryň notariusda galýan iş toplumynda saklanýan hukuk belleýji resminamasynyň nusgasynda bellik edilmelidir. Eger gozgalmaýan emläk babatda öň berlen hukuk belleýji resminama adyna resmileşdirilmedik umumy bilelikdäki eýeçilik hukugynda bolan emläkde paýy bolan beýleki şahs ölen halatynda onuň paýyna hem umumy paýly eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama berilýär. Şu halatda gozgalmaýan emlägiň hukuk belleýji resminamasynyň asyl nusgasy notariusyň işinde galdyrylýar. 157. Umumy paýly eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama ýuridik şahsyň (hususy kärhanadan beýlekilere) emlägi babatda berlende, paýyň, hakyky (natura) görnüşde berilmegi diňe esaslandyryjysy (gatnaşyjysy) ýa-da esaslandyryjylary (gatnaşyjylary) ýuridik şahsyň esaslandyryjylarynyň (gatnaşyjylarynyň) düzüminden çykarylan ýa-da ýuridik şahs ýatyrylan ýagdaýynda, şeýle hem, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ýagdaýlarda mümkindir. 158. Notariuslar umumy paýly eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama ýuridik şahsyň (hususy kärhanadan beýlekilere) emlägi babatda bermek üçin ýuridik şahsyň esaslandyryjylarynyň (gatnaşyjylarynyň) düzüminden çykarylýan şahsyň (şahslaryň) ýuridik şahsyň esaslandyryjysy (gatnaşyjysy) ýa-da esaslandyryjylary (gatnaşyjylary) bolup durýandygyny ýa-da durmaýandygyny anyklamalydyr. Munuň üçin ýuridik şahsyň esaslandyryş resminamalary (tertipnama, esaslandyryş şertnamasy), Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyna girizmek baradaky şahadatnama we Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesi notariusda galdyrylýan resminamalaryň ýanyna nusgalaryny galdyrmak bilen talap edilmelidir. Şeýle halatlarda notariuslar tarapyndan şu aşakdaky resminamalar talap edilýär: 1) esaslandyryjynyň paýyny, hakyky (natura) görnüşini bölüp bermek barada esaslandyryjylaryň ýygnagynyň teswirnamasy (ýa-da onuň göçürmesi); 2) gozgalmaýan emläk berlende gozgalmaýan emlägiň hukuk belleýji resminamalary (berilýän gozgalmaýan emläk babatda hukuk döwlet belligine alnan bolmalydyr); 3) paýy, hakyky (natura) görnüşini bölüp bermeklik ýuridik şahsyň ýatyrylmagy bilen baglylykda bolup geçýän bolsa, onda ýokarda sanalyp geçilen resminamalardan başga-da, notarius degişli eýeçilik hukugy hakynda şahadatnamany bermäge esas bolan ýatyryjy toparyň (ýatyryjynyň) degişli namasy we ýatyryjy toparyň (ýatyryjynyň) ygtyýarlylygyny tassyklaýan resminamalary (şeýle hem, Türkmenistanyň ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan çykarylandygy barada göçürmeden nusga alnyp galynýar). Esaslandyryş şertnamasy kärhanany döretmegiň esasy hasaplanylýar hem-de tertipnamasy ýuridik şahs hökmünde kärhananyň hukuk ýagdaýyny kesgitleýän resminamasydyr. Notariuslar şol resminamalaryň esasynda esaslandyryjylaryň sanawy, esaslyk maýasynyň möçberi, her bir esaslandyryjynyň geçiren pul goýumy, natural görnüşde ýa-da emläk hukuklary görnüşinde geçiren goýumynyň pul bahasynyň düzümi, möçberi we möhletleri hakyndaky maglumatlary barlamalydyr. Eger esaslandyryş şertnamasy tarapyndan başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, her bir gatnaşyjynyň esaslyk maýasynyň möçberiniň umumy jemine bolan goýum gatnaşygy gatnaşyjynyň esaslyk maýasynyň möçberindäki paýy bolup durýar. Şeýle paý arifmetiki ýa-da göterimlerde aňladylyp bilner. Esaslandyryjylaryň (gatnaşyjylaryň) kärhananyň esaslyk maýasynyň möçberindäki goýumlarynyň (paýlarynyň) möçberi, esaslandyryjylaryň (gatnaşyjylaryň) arasyndaky ylalaşyk boýunça takyklanylýar. Kärhananyň emlägi onuň balansynda göz öňünde tutulýar. Kärhana ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan çykarylandan soň, kärhananyň ýatyrylmagy gutardy, kärhana bolsa dowam etmegini bes etdi diýlip hasaplanýar. Notarius umumy paýly eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama berende gozgalmaýan emlägiň degişliligi hakynda hukuk belleýji resminamany hem-de döwlet sanawyndan Göçürme esasynda gozgalmaýan emlägiň aýrybaşgalanmagyna gadaganlygyň ýa-da gozgamasyz edilmeginiň ýokdugyny barlaýar. Umumy paýly eýeçilik hukugynda bolan emläkdäki paýa eýeçilik hukugy döwlet belligine alynmalydyr. §3. Ýekebara kärhana (hususy kärhana) ýatyrylanda gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama bermegiň şertleri 159. Ýekebara kärhana (hususy kärhana) ýatyrylandan soň notariuslar esaslandyryjynyň (eger ol aradan çykan bolsa, onda mirasdüşeriniň) ýazmaça arzasy boýunça ýatyrylan hususy kärhananyň esaslandyryjysynyň adyna gozgalmaýan emlägine eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama berýärler. Kazyýetiň esaslandyryjynyň eýeçilik hukugyny tassyklaýan kanuny güýje giren kararynyň esasynda, kärhananyň gozgalmaýan emlägine eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama talap edilmezden, bu hukuk döwlet belligine alynmalydyr. Ýekebara kärhana (hususy kärhana) bir fiziki tarapa degişli bolan kärhana hasaplanylýar. Onuň esaslandyryş namasy eýe tarapyndan tassyklanylýan edaranyň tertipnamasy bolup durýar. Kärhananyň işi, onuň ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan çykarylan pursatyndan başlap, bes edilen hasap edilýär. Bu barada Türkmenistanyň ygtyýarly edarasy tarapyndan onuň Türkmenistanyň ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan çykarylandygy barada göçürme berilýär. Şunda notariuslar Türkmenistanyň ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan çykarylandygy barada göçürmäniň nusgasyny galdyrmak bilen talap etmelidirler. Notariuslar gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama berende gozgalmaýan emlägiň degişliligi hakynda, ol babatda hukuk döwlet belligine alnandygyny tassyklaýan hukuk belleýji resminamany talap edýärler hem-de gozgalmaýan emlägiň aýrybaşgalanmagyna gadaganlygyň ýa-da gozgamasyz edilmeginiň ýokdugyny döwlet sanawyndan Göçürme esasynda barlaýarlar. Gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugy hakyndaky şahadatnama alnanyndan soňra, Gullugyň ýerli edaralarynda bu hukuk döwlet belligine alynmalydyr.”; 73) bir ýüz altmyş sekizinji böleginiň üçünji, bäşinji tesimlerinde “Ýuridik” diýen sözi “ýuridik” diýen söz bilen çalşyrmaly; 74) bir ýüz segsen ikinji böleginiň üçünji tesiminde “Sanawda” diýen sözi “bellige almagyň Sanawynda” diýen sözler bilen çalşyrmaly; 75) bir ýüz togsan üçünji böleginiň ikinji tesimini şu görnüşde beýan etmeli: “Berginiň bellenen möhletde tölenilmegini talap edýän we karz alyja, zamun boluja gol çekdirip gowşurylan üçden az bolmadyk duýduryş hatlary ýa-da üçden az bolmadyk duýduryş hatlarynyň karz alyjynyň, zamun bolujynyň salgysyna sargytly poçta üsti bilen iberilendigini tassyklaýan resminamalar bolmalydyr.”; 76) bir ýüz togsan ýedinji böleginde “döwlet notarial edarasynda” diýen sözleri “notariuslarda” diýen söz bilen çalşyrmaly; 77) iki ýüz bäşinji böleginde “Sanawda” diýen sözi “bellige almagyň Sanawynda” diýen sözler bilen çalşyrmaly; 78) iki ýüz altynjy böleginde “Sanawda” diýen sözi “bellige almagyň Sanawynda” diýen sözler bilen çalşyrmaly; 79) iki ýüz sekizinji böleginiň ikinji tesiminde “Sanawda” diýen sözi “bellige almagyň Sanawynda” diýen sözler bilen çalşyrmaly; 80) iki ýüz ýigrimi ikinji bölegini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli; 81) iki ýüz ýigrimi ýedinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli: “227. Notariuslar subutnamalary üpjün etmegi geçirmek hakyndaky haýyş bilen ýüz tutan şahsa notariuslara, şaýatlara, bilermenlere we subutnamalary üpjün etmegi geçirmek boýunça beýleki çykdajylar babatda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tölegleriň hem-de döwlet pajynyň tölenilmäge degişlidigi barada düşündirýär.”; 82) şu mazmunly XX baby goşmaly: “XX bap. Notarial işinde sanly ulgamyň içki torunda ornaşdyrylan programma üpjünçiligi (mundan beýläk – programma üpjünçiligi) arkaly Gullugyň degişli müdirliklerinden ýa-da ýerli edaralaryndan döwlet sanawyndan Göçürme we Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň müdirliginden (mundan beýläk – RÝNÝ müdirligi) resminamalaryň (güwänamalaryň) alynmagy 239. Notarial hereketiniň amala aşyrylmagy üçin ýüz tutan fiziki ýa-da ýuridik şahsda Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2022-nji ýylyň 28-nji iýulynda 1627 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagy bilen bagly arzalaryň, raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alnandygyny ýa-da alynmandygyny tassyklaýan resminamalaryň hem-de raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylary bilen bagly beýleki maglumatlaryň görnüşlerini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Adalat ministriniň 2022-nji ýylyň 5-nji iýulynda çykaran 24-iş belgili buýrugy bilen tassyklanylan, Raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagy bilen bagly arzalaryň, raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alnandygyny ýa-da alynmandygyny tassyklaýan resminamalaryň hem-de raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylary bilen bagly beýleki maglumatlaryň görnüşlerinde (mundan beýläk-raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylary bilen bagly maglumatlaryň görnüşleri) bellenilen degişli resminamalary (güwänamalary) we Maglumat bermek baradaky ýüz tutmalaryny hasaba alyş kitabynyň ýörediliş Tertibinde göz öňünde tutulan döwlet sanawyndan Göçürme ýok bolsa ýa-da olaryň bellenilen möhleti geçen bolsa, notariuslar bu resminamalaryň (güwänamalaryň) ýa-da döwlet sanawyndan Göçürmäniň kagyz we programma üpjünçiligi arkaly elektron görnüşindäki (skanirlenen) şekilini, degişlilikde RÝNÝ müdirliginden, Gullugyň degişli müdirliginden ýa-da ýerli edaralaryndan alyp bilerler. 240. Notariuslar tarapyndan notarial hereketiniň amala aşyrylmagy üçin RÝNÝ müdirliginden resminamalaryň (güwänamalaryň) we Gullugyň degişli müdirliginden ýa-da onuň ýerli edaralaryndan döwlet sanawyndan Göçürmäniň kagyz we programma üpjünçiligi arkaly elektron görnüşindäki (skanirlenen) şekiliniň alynmagy üçin raýatyň arzasy esas bolup durýar. 241. Notariuslar RÝNÝ müdirliginden resminamalary (güwänamalary) almak üçin raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylary bilen bagly maglumatlaryň görnüşlerine laýyklykda arzany doldurýarlar. Notariuslar Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda 1344 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň müdirligi tarapyndan hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegleriň möçberini hem-de olary almagyň tertibini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Adalat ministriniň 2020-nji ýylyň 4-nji iýunynda çykaran 27-iş belgili buýrugy bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň müdirligi tarapyndan hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegleriň möçberine laýyklykda degişli töleg alýarlar. 242. Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylary bilen bagly maglumatlaryň görnüşlerine laýyklykda doldurylan arzanyň ýanyna şu aşakdaky degişli resminamalar goşulýar: 1) pasport ýa-da şahsyýetini tassyklaýan beýleki resminamanyň nusgasy; 2) dogluş hakynda şahadatnamasynyň nusgasy (zerurlyk bolan halatynda); 3) eger nika bozulan bolsa – nikanyň bozulandygy hakynda şahadatnamanyň nusgasy; 4) eger är-aýalyň biri ölen bolsa – ölüm hakynda şahadatnamanyň nusgasy; 5) raýat ýagdaýynyň namalary bilen bagly resminamalaryň (güwänamalaryň) berilmegi üçin edilen hyzmatlar bilen bagly tölegiň tölenilendigini tassyklaýan resminama; 6) ynanç hatynyň nusgasy (eger-de ýüz tutmaklyk ynanç haty esasynda amala aşyrlan bolsa). Notarial hereketiniň amala aşyrylmagy üçin fiziki ýa-da ýuridik şahsyň ýüz tutan güni notariuslar arzanyň we şu bölegiň birinji tesiminde görkezilen resminamalaryň suratlandyrylan elektron görnüşindäki (skanirlenen) şekilini programma üpjünçiligi arkaly RÝNÝ müdirligine ugratmak bilen sargyt edýärler. 243. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2024-nji ýylyň 24-nji iýulynda 1815 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet tarapyndan belligine almagynyň tertibi hakynda düzgünnamany ulanmak boýunça gözükdirijini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Adalat ministriniň 2024-nji ýylyň 5-nji iýunynda çykaran 10-iş belgili buýrugy bilen tassyklanan, Raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagynyň tertibi hakyndaky Düzgünnamany ulanmak boýunça Gözükdirijä laýyklykda, RÝNÝ müdirligi tarapyndan sargyt esasynda taýýarlanan resminamalaryň (güwänamalaryň) suratlandyrylan elektron görnüşindäki (skanirlenen) şekili programma üpjünçiligi arkaly sargyt eden degişli notariuslara iberilýär. 244. RÝNÝ müdirligine notariuslardan programma üpjünçiligi arkaly sargytlar gelip gowşandan soň, jogapkär işgär tarapyndan 3 (üç) iş gününiň dowamynda seredilýär we degişli resminama (güwänama) taýýarlanylýar. Taýýarlanylan resminamanyň (güwänamanyň) suratlandyrylan elektron görnüşindäki (skanirlenen) şekili programma üpjünçiligi arkaly sargyt edýän şahslara iberilýär. 245. Notariuslar tarapyndan obýektiň ýerleşýän ýeri boýunça Gullugyň degişli müdirliginden ýa-da ýerli edaralaryndan döwlet sanawyndan Göçürmäniň alynmagy üçin Maglumat bermek baradaky ýüz tutmalaryny hasaba alyş kitabynyň ýörediliş Tertibiniň 15-nji goşundysynda görkezilen görnüşe laýyklykda arza doldurýar. Notarial hereketiniň amala aşyrylmagy üçin fiziki ýa-da ýuridik şahsyň ýüz tutan güni notariuslar Maglumat bermek baradaky ýüz tutmalaryny hasaba alyş kitabynyň ýörediliş Tertibiniň 15-nji goşundysynda görkezilen görnüşe laýyklykda doldurylan arzanyň suratlandyrylan elektron görnüşindäki (skanirlenen) şekilini programma üpjünçiligi arkaly Gullugyň degişli müdirligine ýa-da onuň ýerli edarasyna ugratmak bilen sargyt edýärler. Notariuslar Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2025-nji ýylyň 9-njy aprelinde 1874 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet sanawyndan maglumatlaryň, bellige alyş hereketleriniň amala aşyrylmagy boýunça hukuk maslahatlarynyň berlendigi, resminamalardan göçürmeleriň taýýarlanandygy, gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy bilen baglanyşykly başga hukuk we tehniki hyzmatlaryň edilendigi üçin nyrhlaryň we olary almagyň tertibiniň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Adalat ministriniň 2025-nji ýylyň 20-nji martynda çykaran 15-iş belgili buýrugy bilen tassyklanan, Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet sanawyndan maglumatlaryň, bellige alyş hereketleriniň amala aşyrylmagy boýunça hukuk maslahatlarynyň berlendigi, resminamalardan göçürmeleriň taýýarlanandygy, gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy bilen baglanyşykly başga hukuk we tehniki hyzmatlaryň edilendigi üçin nyrhlara laýyklykda degişli tölegi alýarlar. 246. Maglumat bermek baradaky ýüz tutmalaryny hasaba alyş kitabynyň ýörediliş Tertibine laýyklykda, Gullugyň degişli müdirligi ýa-da onuň ýerli edarasy tarapyndan sargyt esasynda taýýarlanan döwlet sanawyndan Göçürmäniň suratlandyrylan elektron görnüşindäki (skanirlenen) şekili programma üpjünçiligi arkaly sargyt eden degişli notariusa iberilýär. 247. Sargyt esasynda Gullugyň degişli müdirligi ýa-da onuň ýerli edarasy tarapyndan döwlet sanawyndan Göçürmäniň programma üpjünçiligi arkaly berilmegi ýa-da berilmeginden esasly ýüz döndermek 3 (üç) iş gününiň dowamynda amala aşyrylýar. 248. Notariuslar gelip gowşan döwlet sanawyndan Göçürmedäki kybaplaşdyryş maglumatlary barlaýar. Şunda, döwlet sanawyndan Göçürmedäki we şahsyň elindäki resminamalaryndaky kybaplaşdyryş maglumatlary bir-birine gabat gelmedik halatynda, ony düzetmek üçin obýektiň hukuk eýesini Gullugyň müdirliginiň degişli ýerli edarasyna iberýär. 249. Programma üpjünçiligi tehniki ýa-da başga sebäplere görä işlemedik halatynda, sargytlar bellenilen tertipde içerki tor ulgamy arkaly ýerine ýetirilýär. 250. Notariuslar tarapyndan resminamalar (güwänamalar) we döwlet sanawyndan Göçürme üçin alnan tölegler barada sargydyň iberilen gününden başlap 15 (on bäş) senenama günüň dowamynda gol we möhür bilen tassyklanan hasabatlarynyň we alnan tölegleriň töleg hatlarynyň elektron görnüşindäki (skanirlenen) şekilini (içerki tor ulgamy arkaly) degişlilikde Aşgabat şäher döwlet notarial edarasynyň, Arkadag şäheriniň adalat müdirliginiň, welaýat adalat bölümleriniň üsti bilen RÝNÝ müdirligine we Gullugyň müdirliklerine iberilýär. 251. Notariuslar tarapyndan programma üpjünçiligi arkaly iberilen arzalar we onuň ýanyna goşulan resminamalaryň, şol sanda alnan tölegleriň töleg hatlarynyň asyl nusgalary sargydyň iberilen gününden başlap 15 (on bäş) senenama gününiň dowamynda çäk degişliligi boýunça Aşgabat şäher döwlet notarial edarasy, Arkadag şäheriniň adalat müdirligi, welaýat adalat bölümleri tarapyndan jemlenilip, resminamalary (güwänamalary) beren RÝNÝ müdirligine ýa-da döwlet sanawyndan Göçürmäni beren Gullugyň degişli müdirligine ýa-da onuň ýerli edarasyna iberilýär. 252. RÝNÝ müdirligi resminamalaryň (güwänamalaryň) hem-de Gullugyň degişli müdirligi ýa-da onuň ýerli edarasy döwlet sanawyndan Göçürmäniň asyl nusgalaryny sargydyň iberilen gününden başlap 15 (on bäş) senenama gününiň dowamynda sargydyň iberilen çäk degişliligi boýunça Aşgabat şäher döwlet notarial edarasynyň, Arkadag şäheriniň adalat müdirliginiň we welaýat adalat bölümleriniň üsti bilen notariuslara iberýärler. 253. Notariuslar Gullugyň degişli müdirligi ýa-da onuň ýerli edarasy, RÝNÝ müdirligi tarapyndan programma üpjünçiligi arkaly iberilen arzalaryň we onuň ýanyna goşulan resminamalaryň (resminamalaryň (güwänamalaryň), döwlet sanawyndan Göçürmäniň), şol sanda alnan tölegleriň töleg hatlarynyň nusgalary alnyp galynmalydyr hem-de degişli işlere çatylmalydyr. 254. Programma üpjünçiligi arkaly sargytlary we resminamalary alyşmak boýunça işlere Gullugyň Baş döwlet bellige alyjysy, RÝNÝ müdirliginiň, Aşgabat şäher döwlet notarial edarasynyň, Arkadag şäheriniň adalat müdirliginiň we welaýat adalat bölümleriniň müdirleri gözegçilik edýärler.”. 2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi Türkmenistanyň Adalat ministriniň orunbasarlary, Gullugyň Baş döwlet bellige alyjysy, RÝNÝ müdirliginiň, Aşgabat şäher döwlet notarial edarasynyň we Arkadag şäheriniň adalat müdirliginiň, welaýat adalat bölümleriniň müdirlerine tabşyrmaly. Ministr M. Taganow Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2026-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda 1976 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy

Источник: TÜRKMENISTANYŇ ADALAT MINISTRLIGI