ABŞ CES 2027 sergisine gatnaşmak üçin türkmen kompaniýalaryny we telekeçilerini çagyrýar

Amul Info ·

ABŞ CES 2027 sergisine gatnaşmak üçin türkmen kompaniýalaryny we telekeçilerini çagyrýar

ABŞ-nyň Söwda gullugy türkmen kompaniýalaryny we telekeçilerini 2027-nji ýylyň 6–9-njy ýanwarynda Las-Wegasda geçiriljek CES halkara tehnologiýa sergisine Ýewraziýa wekiliýetiniň düzüminde gatnaşmaga çagyrýar. Gatnaşyjylar robototehnika, emeli aň, sanly saglygy goraýyş we «akylly öý»…

ABŞ-nyň Söwda gullugy Türkmenistanyň bellenen talaplara laýyk gelýän kompaniýalaryny we telekeçilerini 2027-nji ýylda geçiriljek CES halkara tehnologiýa sergisine Ýewraziýa wekiliýetiniň düzüminde gatnaşmaga çagyrýar. Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň sosial ulgamlardaky sahypasynda habar berilýär.

Dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýa çäreleriniň biri hasaplanýan CES 2027 sergisi 2027-nji ýylyň 6–9-njy ýanwary aralygynda ABŞ-nyň Newada ştatynyň Las-Wegas şäherinde geçiriler. Oňa gatnaşmak telekeçilere geljegi uly tehnologiýalar bilen tanyşmaga, amerikan kompaniýalary bilen işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga we dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenmäge şert döreder.

Sergide robototehnika, emeli aň tehnologiýalary, sanly saglygy goraýyş, «akylly öý» çözgütleri, oýun senagaty we beýleki ugurlar boýunça täze işläp taýýarlamalar görkeziler.

Ýewraziýa wekiliýetiniň agzalary üçin CES sergisine mugt hasaba alynmak, ABŞ-nyň kompaniýalary bilen işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmakda ýardam bermek, şeýle hem Halkara işewürlik merkeziniň (International Business Center) dynç alyş zolaklaryndan mugt peýdalanmak mümkinçilikleri göz öňünde tutulýar.

Arzalar 2026-njy ýylyň 1-nji dekabryna çenli kabul edilýär. Hasaba alyş tölegi 100 ABŞ dollaryna deň bolup, bu möçbere ýol we beýleki syýahat çykdajylary girmeýär.

Gatnaşmak isleýän dalaşgärler bellenen talaplara laýyk gelmelidir. Giňişleýin maglumat almak we hasaba durmak üçin ABŞ-nyň Söwda gullugynyň Türkmenistan boýunça utgaşdyryjysy Wiktoriýa Frolowa bilen trade-Ashgabat@state.gov elektron poçta salgysy arkaly habarlaşyp bolýar.

Источник: Amul Info