Ankara şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň maslahaty geçirildi

Amul Info · · g323786

Ankara şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň maslahaty geçi…

2026-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda Ankarada Türki Döwletleriň Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň maslahaty geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew hem gatnaşdy. Taraplar syýasy dialogy çuňlaşdyrmak, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek we…

2026-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda Ankarada Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň maslahaty geçirildi. XIII sammitiň öňüsyrasynda geçirilen duşuşyga Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mekan Işangulyýew hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň TDG-de synçy döwlet derejesine eýe bolmagy bilen, duşuşykda ýurduň adyndan ilçi Mekan Işangulyýew wekilçilik etdi.

Maslahatyň dowamynda gurama agza we synçy döwletleriň daşary işler ministrleri hem-de wekilleri köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşykda syýasy dialogy çuňlaşdyrmak, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, şeýle hem Türki Döwletleriň Guramasynyň giňişliginde ulag-logistika geçelgelerini ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Maslahatyň netijeleri boýunça guramanyň düzümleriniň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen birnäçe çözgüt kabul edildi. Şeýle-de döwlet Baştutanlarynyň garamagyna hödürlenjek jemleýji resminamalaryň taslamalary tassyklanyldy.

Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammiti 2026-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda Ankarada «Türki dünýäniň asyry: dilde, pikirde we işde jebislik» şygary astynda geçiriler. Sammitiň netijeleri boýunça Ankara Jarnamasyna gol çekilmegine we guramanyň institusional binýadyny berkitmäge, integrasiýa işlerini çuňlaşdyrmaga gönükdirilen birnäçe ylalaşygyň kabul edilmegine garaşylýar.

Источник: Amul Info