Hytaýda 1800 ýyllyk gadymy gaýyklar we Beýik Hytaý diwarynyň taryhy bölegi tapyldy

Amul Info ·

Hytaýda 1800 ýyllyk gadymy gaýyklar we Beýik Hytaý diwarynyň taryhy bölegi tapyldy

Hytaýyň Pekin şäherinde arheologlar takmynan 1800 ýyllyk üç sany gadymy gaýygy we Suý dinastiýasynyň döwrüne degişli Beýik Hytaý diwarynyň bölegini tapdylar. Taryhy tapyndylar ýurduň gadymy harby gurluşlary, suw ýollary we söwda gatnaşyklary barada täze maglumatlary öwrenmäge mümkinçilik berer.

Hytaýyň paýtagty Pekinde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda taryhy ähmiýeti bolan birnäçe tapyndy ýüze çykaryldy. Alymlar Çanpin etrabynda Suý dinastiýasynyň (581–618-nji ýyllar) döwrüne degişli Beýik Hytaý diwarynyň bir bölegini, Fýentaj etrabynda bolsa takmynan 1800 ýyllyk taryhy bolan üç sany gadymy gaýygy tapdylar .

Çanpin etrabynda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň umumy meýdany 800 inedördül metre barabar boldy. Bu ýerde arheologlar Beýik Hytaý diwarynyň golaýynda ýerleşen harby gözegçilik nokadynyň galyndylaryny ýüze çykardylar. Desganyň demirgazyk bölegi ozalky gurluş bilen birleşdirilipdir. Onuň çäginde dürli binalaryň we daşky diwarlaryň galyndylary hem saklanyp galypdyr.

Gözlegleriň netijesinde, diwarlaryň esasan sary palçyk we daş bölekleri bilen berkidilen daş hatarlaryndan gurlandygy anyklandy. Gurluşyk usuly Min dinastiýasynyň (1368–1644-nji ýyllar) döwründe ulanylan harby-binagärlik çözgütlerinden tapawutlanýar.

Tapyndylaryň haýsy döwre degişlidigini anyklamakda Suý dinastiýasynyň döwründen galan küýze bölekleri we teňňeler möhüm maglumat berdi. Alymlaryň çaklamalaryna görä, bu harby desga Demirgazyk Si we Suý dinastiýalarynyň, şeýle hem Szin dinastiýasynyň (1115–1234-nji ýyllar) dolandyran döwürlerinde ulanylypdyr.

Beýleki möhüm tapyndylar Fýentaj etrabynda ýüze çykaryldy. Bu ýerde ýerden takmynan 7 metr çuňlukda gadymy Szinçjundu şäheriniň harabalarynyň golaýyndan üç sany gaýyk tapyldy. Olaryň üstünde hytaý dilindäki «guan» (döwlet gullukçysy ýa-da häkimiýet) diýen iýeroglifiň bardygy anyklandy. Bu ýazgylar gaýyklaryň döwlet gözegçiligi astynda ýasalyp, ulanylandygyny görkezýär.

Pekin arheologiýa institutynyň (BIA) maglumatlaryna görä, gadymy döwürde bu ýerde möhüm suw ýoly ýerleşipdir. Tapylan gaýyklar hem şol sebitiň taryhy suw ulaglary we söwda gatnaşyklary barada täze maglumatlary öwrenmäge mümkinçilik berýär.

Soňky arheologik açyşlar Pekiniň gadymy taryhyny, şeýle hem Hytaýda harby desgalaryň we suw ýollarynyň ösüş aýratynlyklaryny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Источник: Amul Info