Yslamabatda Türkmenistanda geçirilen halkara çäreleriň ähmiýeti bellenildi

Turkmenistan RSS Feed ·

2026-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda pakistan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin 2026-njy ýylda Türkmenistanda geçirilen esasy halkara çärelere we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna bagyşlanan brifing geçirildi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda ýurduň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda bolup geçen esasy wakalar barada maglumat berildi. Bu ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýär.

Aşgabat şäherinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen ýokary derejeli halkara çärelere, olaryň sebit dialogyny, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmakdaky, şeýle hem durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmekdäki ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Şeýle hem TOPH gaz geçirijisi, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji taslamasy (TOP), ulag we telekommunikasiýa infrastrukturasyny ösdürmek ýaly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Pakistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň ähmiýetini belläp, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler.

Brifing Pakistanyň jemgyýetçiligini Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary we halkara başlangyçlary bilen tanyşdyrmakda, şeýle hem maglumat alyş-çalşygyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.

Источник: Turkmenistan RSS Feed