Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy ynsanperwer we akademik hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär

Turkmenistan RSS Feed ·

Ýakynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda möhüm meýdança boldy.

Ýakynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda möhüm meýdança boldy.

Forumyň netijeleri we döwletara hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň birinji sekretary Ýuliýa Zaýsewa çykyş etdi.

Ylym-bilim gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde möhüm waka hökmünde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen M.W. Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekilmegini görkezmek bolar.

Ý. Zaýsewanyň belleýşi ýaly, iki ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklar amaly häsiýete eýedir. Hususan-da, ikitaraplaýyn maksatnamalaryň çäklerinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary we talyplary hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlary geçdiler. Mundan başga-da, türkmen ýaşlary Maliýe howpsuzlygy boýunça halkara olimpiada ýaly ýokary derejeli intellektual bäsleşiklere, şeýle hem saglygy goraýyş ulgamyndaky ýöriteleşdirilen ylmy taslamalara işjeň gatnaşýarlar.

Diplomat türkmen ýaşlary üçin Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga niýetlenen kwota maksatnamasynyň kabul ediş möwsüminiň hem ýakyn wagtda başlanjakdygy barada habar berdi. Onuň gatnaşmak tertibi ýylsaýyn ýeňilleşdirilýär.

– Ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm tapgyr Russiýa Federasiýasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin nobatdaky kwota maksatnamasynyň başlanmagy bolar. Ol noýabr aýynyň ortalaryna meýilleşdirilýär. Şu ýyl okuwa kabul ediş işi döwrebap sanly çözgütleriň ornaşdyrylmagy arkaly ep-esli kämilleşdirilýär. Hususan-da, bitewi sanly platformanyň işe girizilmegi we ýörite «RU ID» hyzmatynyň ýola goýulmagy daşary ýurtly dalaşgärleriň okuw mekdeplerini hem-de taýýarlyk ugurlaryny saýlamak işini awtomatlaşdyrmaga we ep-esli ýeňilleşdirmäge mümkinçilik berer – diýip, Ý. Zaýsewa belledi.

Diplomat Aşgabatda geçirilen serginiň türkmen okuwçylary we olaryň ene-atalary üçin Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bilen göni aragatnaşyk saklamaga ajaýyp mümkinçilik döredendigini hem aýratyn nygtady. Duşuşyklaryň dowamynda geljekki talyplar diňe bir bilim maksatnamalary bilen däl, eýsem, bilim aljak Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň medeni aýratynlyklary bilen hem tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Şeýle çäreler iki ýurduň arasynda bilim, ylym we medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge, ýaşlaryň hünär taýdan kämilleşmegine hem-de halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge uly goşant goşýar.

Источник: Turkmenistan RSS Feed