Türkmenistan standartlaşdyrmak boýunça halkara hyzmatdaşlygy giňelder

Amul Info ·

Türkmenistan standartlaşdyrmak boýunça halkara hyzmatdaşlygy giňelder

Türkmenistanda milli standartlaşdyryş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we häzirki zaman standartlaryny önümçilige ornaşdyrmak boýunça işler dowam edýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow ýöriteleşdirilen halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky teklibi goldady. Bu başlangyç önümleriň we…

Türkmenistanda milli standartlaşdyryş ulgamyny kämilleşdirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işler dowam etdirilýär. Ýurtda häzirki zaman standartlaryny giňden ornaşdyrmaga hem-de ýöriteleşdirilen halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.

Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow standartlaşdyryş ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ol bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleriň milli ulgamy döwrebaplaşdyrmaga, halkara tejribäni öwrenmäge we öňdebaryjy standartlaryň ulanylyşyny giňeltmäge gönükdirilendigini belledi.

Hasabaty diňlän Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtda milli standartlaşdyryş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylýandygyny we häzirki zaman standartlarynyň önümçilige işjeň ornaşdyrylýandygyny nygtady. Döwlet Baştutany ýöriteleşdirilen halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi standartlaşdyryş ulgamynda tejribe alyşmaga, döwrebap talaplaryň ulanylyşyny ösdürmäge hem-de dürli ugurlarda önümleriň we hyzmatlaryň hiline bildirilýän talaplary kämilleşdirmäge mümkinçilik berer.

Источник: Amul Info