ÝURDUMYZDA TÜRKMEN ALABAÝYNYŇ BAÝRAMY GIŇDEN BELLENILDI

yashlar.gov.tm ·

ÝURDUMYZDA TÜRKMEN ALABAÝYNYŇ BAÝRAMY GIŇDEN BELLENILDI

Şu gün ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli giň gerimli dabaralar ýaýbaňlandyryldy. Baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar Aşgabat atçylyk sport toplumynda geçirildi. Bu ýerde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň hem-de alabaýlaryň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlendi. Dabara Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalary, itşynaslar, ugurdaş edaralaryň hünärmenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu ýerde ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri, döredijilik toparlary tarapyndan ýaýbaňlandyrylan joşgunly çykyşlar dabaranyň şowhunyny has-da belende göterdi. Myhmanlara türkmen topragynyň berekedi bolan naz-nygmatlar hödür edildi. Toplumyň açyk manežine barýan ýoluň ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, zergärleriň, muzeý işgärleriniň ýerine ýetirýän işlerini hem-de türkmen alabaý itleriniň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, fotosuratlarda çeper beýan edýän Arkadag we Aşgabat şäherleriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň sergi-pawilýonlary ýaýbaňlandyryldy. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli mirasyny dünýäde wagyz etmek we ony gorap saklamak boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ahalteke bedewi, türkmen alabaýy, aw tazysy ýaly gaýtalanmajak tohumlary döreden halkymyz bu naýbaşy tohumlarda iň gowy häsiýetleri terbiýelemek we kämilleşdirmek arkaly olaryň tohum aýratynlygyny şu güne çenli üýtgewsiz görnüşde saklap galmagy başarypdyr. Häzirki wagtda bu...

Источник: yashlar.gov.tm