Täjigistan Eýrandan, Türkmenistandan we Azerbaýjandan ýangyç import etmek üçin gümrük paçlaryny ýatyrdy

Amul Info ·

Täjigistan Eýrandan, Türkmenistandan we Azerbaýjandan ýangyç import etmek üçin gümrük paçlaryny ýat…

Täjigistanyň hökümeti 2026-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli GDA-nyň erkin söwda zolagyna girmeýän ýurtlardan getirilýän benzin, dizel ýangyjy, suwuklandyrylan gaz we beýleki nebit önümleri üçin import paçlaryny nola çenli peseltdi. Bu çözgüt Türkmenistan, Eýran we Azerbaýjandan ýangyç önümlerini…

Täjigistanyň hökümeti 2026-njy ýylyň ahyryna çenli Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň erkin söwda zolagyna girmeýän ýurtlardan getirilýän benzin, dizel ýangyjy, suwuklandyrylan gaz we beýleki nebit önümleri üçin import gümrük paçlarynyň möçberini nola çenli peseltdi. Bu çözgüt Eýrandan, Türkmenistandan we Azerbaýjandan ýangyç önümlerini ýeňillikli şertlerde getirmäge mümkinçilik berer. Bu barada «Fergana news» neşiri habar berýär.

Täze ýeňillik 2026-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli hereket eder. Ol nebit önümlerini we nebit gazlaryny, şol sanda suwuklandyrylan gazy öz içine alýar. Emma çig nebit bu kararyň täsirine degişli däldir.

Russiýa, Gazagystan we GDA-nyň erkin söwda zolagyna girýän beýleki ýurtlardan getirilýän önümler üçin import paçlarynyň nol möçberi ozaldan bäri hereket edýärdi.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, Täjigistan 2026-njy ýylyň ilkinji alty aýynda 494,7 million ABŞ dollaryna barabar bolan 599,5 müň tonna nebit önümlerini import edipdir. Getirilen ýangyjyň 91 göterimi Russiýanyň paýyna düşüpdir. Belarusyň paýy 2,8 göterime, Türkmenistanyňky 1,9 göterime, Gazagystanyňky 1 göterime deň bolupdyr. Özbegistan bilen Gyrgyzystanyň her biri bolsa importyň 0,9 göterimini üpjün edipdir.

Источник: Amul Info