«Düýeli öý — döwletli öý»: düýeçiligi ösdürmegiň ähmiýeti
Amul Info · · gokdepe, ahal

Türkmen halkynyň gadymy maldarçylyk däpleriniň biri bolan düýeçilik häzirki döwürde hem möhüm ähmiýete eýedir. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Ahal» daýhan birleşiginde ýerleşýän düýeçilik hojalygynda arwana düýelerini idetmek, olaryň baş sanyny artdyrmak we süýt önümçiligini ösdürmek boýunça…
Garagum sährasynyň giňişliklerine, çägeli depelerine we giň düzlüklere oňat uýgunlaşan arwana düýeleri türkmen halkynyň durmuşynda gadymdan bäri aýratyn orun eýeläp gelýär. Asyrlarboýy ynsanyň ýakyn hemrasy bolan düýeler diňe bir ulag serişdesi hökmünde däl, eýsem, maldarçylygyň we halk hojalygynyň möhüm baýlygy hökmünde hem uly ähmiýete eýe bolupdyr.
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Ahal» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän düýeçilik hojalygynda bu gadymy kär häzirki zaman talaplaryna laýyklykda ösdürilýär. Hojalygyň alyp barýan işleri arwana düýelerini idetmäge, olaryň baş sanyny artdyrmaga we süýt önümçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Köpetdagyň etekleri bilen Garagum sährasynyň utgaşýan tebigy şertleri düýeçiligi ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Bu ýerlerde düýeler tebigy öri meýdanlarynda bakylýar we sähranyň dürli ösümlikleri bilen iýmitlenýär. Şeýle şertler maldarçylyk işlerini ýerli tebigy aýratynlyklara laýyklykda alyp barmaga ýardam berýär.
Türkmen halkynyň asyrlarboýy toplan tejribesine daýanýan düýeçilik pudagyny ösdürmek milli maldarçylyk däplerini dowam etdirmek bilen birlikde, süýt we beýleki maldarçylyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak üçin hem ähmiýetlidir. «Düýeli öý — döwletli öý» diýen halk pähimi hem düýäniň türkmen durmuşyndaky gadymy ornuny we rysgal-bereket bilen baglanyşygyny aýdyň beýan edýär.