Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň SEforALL halkara guramasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary bilen duşuşygy

Turkmenistan RSS Feed ·

2026-njy ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň «Hemmeler üçin durnukly energetika» (SEforALL) halkara guramasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary Stefano Marguçço bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň SEforALL guramasy bilen durnukly energetika, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek we halkara energetika özara baglanyşygyny pugtalandyrmak ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň geljek ýylda SEforALL-yň Ählumumy forumyny geçirmek baradaky başlangyjyna aýratyn üns berildi. Bu çäräniň halkara dialogy giňeltmekde we durnukly energetikany ösdürmegiň ählumumy gün tertibini ilerletmekde ähmiýeti nygtaldy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň energetika özara baglanyşygyny pugtalandyrmaga we durnukly energetika ulgamynda amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ony anyk amaly mazmun bilen baýlaşdyrmaga gyzyklanma bildirdiler.

Источник: Turkmenistan RSS Feed