Belent maksatlara ýetmek ugrunda
Turkmenistan RSS Feed ·
Paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarda we milli ykdysadyýetde gazanýan bedew batly ösüşleri — parahatçylygyň, abadançylygyň we gülläp ösüşiň kepili” atly maslahat geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň hem-de durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň netijelerine aýratyn üns berildi.
Halkara Bitaraplyk gününi ýokary derejede bellemek boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleriniň çäklerinde guralan bu maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde durmuşa geçirilýän beýik işler barada söhbet edildi. Çykyş edenler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň her bir gününiň uly ösüşlere, ajaýyp zähmet üstünliklerine beslenýändigini nygtadylar. Döwlet Baştutanymyzyň başda durmagynda amala aşyrylýan özgertmeler ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda Daşoguz welaýatyna iş saparynyň çäginde täze desgalaryň açylyş we düýbüni tutmak dabaralaryna gatnaşmagy ýylyň şanly wakalarynyň biri boldy. Şol desgalaryň hatarynda Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan awtomobil ýolunyň Garabogaz serhetýaka bölegi, 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän ösümlik ýag kärhanasynyň, azotly dökünleri öndürýän önümçilik toplumynyň, umumy uzynlygy 550 kilometre golaý bolan Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň gurluşygy bar.
Maslahatyň dowamynda “Döwlet adam üçindir!”, “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygarlar esasynda giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylýandygy üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyldy. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda halkara ähmiýetli ulag ýollaryny, ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen senagat kärhanalaryny gurmak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Munuň özi okgunly ykdysady ösüşe ýardam berip, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginde möhüm orny eýeleýär. Bitarap Watanymyzyň oňyn içeri we daşary syýasaty, ýurdumyzyň ähli ulgamlarda gazanýan üstünlikleri halkymyzy täze belentliklere ruhlandyrýar. Bu günki gün ylym-bilim, medeniýet, sport we saglygy goraýyş ulgamlarynyň ösdürilmegi hem wajyp wezipe bolup durýar. Şunda ýaş nesliň sazlaşykly, watançylyk ruhunda terbiýelenilmegine aýratyn üns berilýär.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döwlet tarapyndan kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmak ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.