BSGG koronawirusyň täze PJ.2.1 ştammy barada maglumat berdi
Amul Info ·

BSGG koronawirusyň PJ.2.1 ştammy barada maglumat berdi. Hünärmenleriň bellemegine görä, onuň alamatlary sowuklama ýa-da dümewiň alamatlaryna meňzeş bolup biler. Ýokanjyň görnüşini anyk kesgitlemek üçin laboratoriýa barlaglary zerurdyr. «Rospotrebnadzor» edarasy bu ştammyň keseliň agyr geçmegine…
Koronawirusyň PJ.2.1 diýlip atlandyrylýan täze görnüşiniň alamatlary adaty sowuklama ýa-da dümewiň alamatlaryna meňzeş bolup biler. Bu barada Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasyna (BSGG) salgylanýan «MIR 24» habar berýär.
BSGG-niň hünärmenleriniň bellemegine görä, diňe bir alamatyň esasynda adamyň haýsy ýokanja ýolugandygyny anyk kesgitlemek mümkin däl. Şonuň üçin keseli dogry anyklamak, degişli bejergini saýlamak we epidemiologik ýagdaý boýunça netijeli çözgütleri kabul etmek üçin laboratoriýa barlaglary zerurdyr.
Russiýanyň «Rospotrebnadzor» edarasy hem PJ.2.1 ştammy barada maglumat berdi. Edaranyň habaryna görä, täze görnüşiň aýratynlyklaryna garamazdan, ol beýleki koronawirus görnüşleri bilen deňeşdirilende keseliň agyr geçmegine ýa-da goşmaça gaýraüzülmelere sebäp bolmaýar.