Türkmenistanyň raýatlary üçin Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde 500 sany býujet esasynda okamak üçin ýer bölünip berildi
Amul Info ·

2026/2027-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň raýatlary Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde býujet esasynda bilim almak üçin 500 sany ýere dalaş edip bilerler. Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkiniň bellemegine görä, rus dilini bilmek ýaşlaryň täze okuw gurşawyna uýgunlaşmagyna we saýlan…
Russiýa Federasiýasynyň hökümeti 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Türkmenistanyň raýatlaryna ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde býujet esasynda bilim almak üçin 500 sany ýer bölüp berdi. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin «Rus Glagol» halkara edebiýat bäsleşiginiň metbugat gullugyna beren interwýusynda habar berdi.
Diplomatyň bellemegine görä, türkmen ýaşlarynyň Russiýada ýokary bilim almaga bolan gyzyklanmasy ýokary derejede saklanýar. Bu ugurda rus dilini mekdep döwründen öwrenmek möhüm artykmaçlyklaryň biri bolup durýar.
Iwan Wolynkin rus dilini bilýän talyplaryň ýokary okuw mekdeplerinde okuw prosesine has çalt uýgunlaşýandygyny nygtady. Onuň düşündirişine görä, leksiýalara gatnaşmak, ylmy makalalary öwrenmek we synaglary tabşyrmak üçin zerur dili öňünden bilmek ýaşlara esasy ünsüni saýlan hünärine gönükdirmäge kömek edýär.
Rus dilini bilmek talyplaryň gündelik durmuşynda hem möhüm ähmiýete eýedir. Bu ýagdaý olaryň täze dostlar edinmegine, talyplar jemgyýetine goşulyşmagyna we täze gurşawa has ýeňil öwrenişmegine ýardam berýär.
Ilçiniň sözlerine görä, Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde alnan diplom lukmançylyk, inženerçilik, maglumat tehnologiýalary, ykdysadyýet, halkara gatnaşyklary we ynsanperwer ylymlar ýaly dürli ugurlarda hünär mümkinçiliklerini giňeldýär. Talyplar ylmy taslamalara gatnaşmaga, önümçilik tejribesini geçmäge we geljekki hünär gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik alýarlar. Wolynkin türkmen ýaşlarynyň köpüsiniň bilimini öz ýurdunda ulanmak maksady bilen Watanyna dolanýandygyny hem belledi.
Interwýuda Aşgabatdaky Rus öýüniň alyp barýan işleri barada hem gürrüň edildi. Bu merkezde ýylyň dowamynda Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul ediliş şertleri bilen bagly tegelek stollar, onlaýn seminarlar we beýleki çäreler geçirilýär.
Oktýabr aýynda Rus öýünde Moskwanyň birnäçe öňdebaryjy ýokary okuw mekdebiniň wekilleri bilen A. S. Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus umumybilim berýän orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda açyk duşuşyk geçirildi. Şeýle çäreler ýaşlara Russiýada bilim almagyň mümkinçilikleri we okuwa kabul ediliş düzgünleri barada giňişleýin maglumat almaga ýardam berýär.