Türkmenistanyň agyr atletika ýygyndysy Özbegistanda halkara ýaryşlara taýýarlyk görýär
Amul Info ·

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy Özbegistanyň Çirçik şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. 16 türgeniň gatnaşmagynda alnyp barylýan türgenleşikler öňde boljak halkara ýaryşlara beden, tehniki we taktiki taýdan taýýarlygy güýçlendirmäge gönükdirilendir. Topara baş…
Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy Özbegistanyň Çirçik şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Türgenler tälimçileriň ýolbaşçylygynda öňde boljak halkara ýaryşlaryň öňüsyrasynda beden, tehniki we taktiki taýýarlygyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem sport görnüşini kämilleşdirmäge gönükdirilen türgenleşikleri alyp barýarlar.
Okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna zenan türgenlerden Anamjan Rustamowa, Medine Amanowa, Ogulşat Amanowa, Gülälek Kakamyrowa, Asal Kerimbaýewa, Zybagül Soýmuşowa, Şabnam Kerimbaýewa we Ogulgerege Amanowa gatnaşýar. Erkek türgenleriň hatarynda bolsa Rejepbaý Rejepow, Babur Amangeldiýew, Gaýgysyz Toraýew, Galkan Rahmanow, Nurbek Azamatow, Şahzatbek Matýakubow, Bektemir Reimow we Hajymyrat Gylyçmyradow bar.
Topara baş tälimçi Meretguly Sahatmyradow ýolbaşçylyk edýär. Oňa tälimçiler Hojamuhammet Toýçiýew we Umurbek Bazarbaýew ýardam berýärler.
Munuň ýaly okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary türgenleriň özara tejribe alyşmagyna, türgenleşik işleriniň usullaryny kämilleşdirmegine we öňde boljak ýaryşlara hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegine mümkinçilik berýär.